Dünýäde iň gadymy halklaryň biri bolan türkmen halkynyň milli däp-dessurlary, edim-gylymlary, kada-kanunlary öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy esasynda durmuş kadasyna öwrülen bu ýörelgeler ähli döwürlerde öz ähmiýetini saklap gelýär. Halkymyzyň şeýle ajaýyp dessurlarynyň biri-de bir möhüm işiň aýdyň çözgüde eýe bolmagy üçin il-güne sala salmak, geňeş, maslahat etmek düzgünidir.
Türkmenler “Geňeşli biçilen don gysga bolmaz” diýýärler. Çuňňur mana eýe bolan bu aňlatma her bir meselede geňeşiň aýdyň çözgüde eýe bolmagyny üpjün edýändigini beýan edýär. Maslahat, geňeş etmegiň düzgünleri gadymy edebiýatymyzyň dürli nusgalarynda beýanyny tapypdyr. Söz sungatynyň täji hasaplanýan “Görogly” şadessanynyň “Göroglynyň döreýşi” şahasyndaky şu jümlelere üns bereliň: “Jygalybeg özüniň adamkärçiligi, ýagşy-ýamana düşbüligi bilen uly ile özüni aldyrypdy. Onuň aýdýan sözleri, berýän öwüt-nesihatlary il-ulsuň ýüreginden turýardy. Şonuň üçin ony tanaýan, onuň gylyk-häsiýetine ýetik adamlar, oňa geňeş-sala salman, iş başyny tutmazdylar”.
Oguzlaryň gahrymançylykly eseri bolan “Gorkut ata” şadessanynda hem geňeş etmek düzgünine uly orun berilýär. Eserde her bir maşgala bir haýyrly işiň başyny tutjak bolsa, geňeş edýär. Meselem, eserde Dersehanyň uly toýunyň özara geňeş bilen uly dabara beslenendigi aýdylýar.
Dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynda mynasyp orun alan “Oguznama” eserlerinde nesilbaşymyz Oguz han her bir meselede il-halka sala salýar, amal etjek bolýan pikirleriniň dogry çözgüde eýe bolmagy üçin geňeş edýär. Meselem, VI asyr alymy Ulughan Ata Bitigçiniň “Ulughan Ata Bitigçiniň sözi” diýlip atlandyrylan “Oguznamasynda” nesilbaşymyz Oguz han her bir meselede Ulug Törüge geňeş salýar. Durmuşyň köp meselelerinden degerli baş çykarýan, okumyş, pähim-parasatly Ulug Törüg Oguz hanyň weziri hökmünde halkyň abadançylygy, parahat durmuşda ýaşamagy üçin maslahatlary berýär. Oguz han onuň sözlerine gadyr goýýar.
Nusgawy edebiýatymyzyň esasyny goýujy, aryf-akyldar Döwletmämmet Azadynyň kämil eseri bolan “Wagzy-Azat” poemasynda geňeş etmegiň ähmiýeti hakynda dürdäne pikirler şygyr galypyna salnypdyr:
Bes, geňeş kylmakda köpdür menfagat,
Ýagşylara bergeý ol şa maslahat.
Kökleri gadymyýetiň çuňluklaryndan gözbaş alyp gaýdýan asylly däp-dessurlarymyz, ata-baba ýoda-ýörelgelerimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çuňňur many-mazmuna eýe bolýar. Eziz Arkadagymyz ýurdumyzyň ýaşulularyna uly hormat goýýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlaryna iş sapary bilen baranda ilki bilen ýaşulular bilen duşuşyp, olaryň arzuw-maksatlaryny diňleýär. Arkadag Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen bugdaý, pagta ekişleri hem öňi bilen ýaşulularyň tagallasy bilen başlanýar. Ak sakgally gojalarymyz, kümüş saçly enelerimiz jemgyýetimizde agzybirligiň, jebisligiň kemala gelmegi üçin baýramçylyk dabaralarynda, şol sanda ekerançylyk meýdanlarynda wagyz-nesihatlary bilen çykyş edip durýarlar. Halkyň arasynda uly ynamdan we hormatdan peýdalanýan ýaşululara Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen adyň dakylmagy bolsa, ýurdumyzda ýaşulynyň sarpasynyň juda belentdigini äşgär görkezýär. Bu işleriň ählisi nurana ýaşulularymyzyň köňlünde eziz Arkadagymyza, gülläp ösýän mähriban Watanymyza, belent ösüşlerimize bolan buýsanç duýgusyny döredýär. Şeýlelikde, olar jemgyýetimizi kämilleşdirmekde, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini saklamakda ajaýyp işleri amal edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 9-10-njy oktýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty iňňän ýokary derejede geçirildi. Maslahatda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” tassyklanmagy, Arkadag Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen hormatly adyň dakylmagy, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, türkmen jemgyýetini hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini pugtalandyrmakda, ýaşlarymyzy Watançylyk ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlary şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli mährem zenanlarymyzyň birnäçesine “Zenan kalby” ordeniniň gowşurylmagy, il içinde uly abraý gazanan ýaşulularymyzyň ençemesine Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen adyň dakylmagy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, ençeme Kanundyr Kararlaryň kabul edilmegi bagtyýar raýatlarymyzyň kalplarynda çuňňur kanagatlanma döretdi.
Goý, halkymyzyň abadançylygy, Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin dünýä nusgalyk işleri amal edip, Türkmenistany iň bagtyýar raýatlaryň ýaşaýan mekanyna öwürmek babatda maksatly tutumlary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Belent tutumly işleri hemişe uly rowaçlyklara beslensin!
Tylla ÖWEZOWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň ylmy işgäri.