Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda Russiýa Federasiýasynda resmi saparda bolar. Bu barada “Interfaks” habarlar gullugy habar berýär. Fransiýanyň Prezidenti 2018-nji ýylyň maý aýynda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek Halkara ykdysady foruma gatnaşmaga isleg bildirdi.
Mälim bolşy ýaly, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin şu ýylyň maý aýynda Fransiýa amala aşyran saparynda fransuz kärdeşini Moskwa çagyrypdy. Bu barada çykyş eden Fransiýanyň Russiýadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Silwi Bermann Prezident Emmanuel Makronyň bu çakylyga jogap berjekdigini mälim edipdi.