Afrika zo­la­gyn­da “B” to­par­ça­da çy­kyş ed­ýän Ni­ge­ri­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy öz meý­dan­ça­syn­da Zam­bi­ýa­nyň mil­li to­pa­ry­ny Aý­wo­bi­niň 73-nji mi­nut­da­ky go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da utup, Dün­ýä Ku­bo­gyn­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy. Ni­ge­ri­ýa­nyň mil­li to­pa­ry 6-njy ge­zek Dün­ýä Ku­bo­gy­na gat­na­şar. Yk­ly­myň güýç­li ýy­gyn­dy­la­ryn­dan Ka­me­run şu to­par­ça­da 3-nji ýe­ri eýe­läp, olar Dün­ýä çem­pio­na­ty­na gat­naş­mak müm­kin­çi­li­gi­ni el­den gi­der­di­. “E” to­par­ça­dan Mü­sü­riň ýy­gyn­dy­sy hem Dün­ýä Ku­bo­gy 2018-e ýol­lan­ma alan 2-nji af­ri­ka to­pa­ry bol­dy. Olar Mo­ha­med Sa­la­hyň gol­la­ry (63, 90+5 p) bi­len Kon­go­nyň ýy­gyn­dy­syn­dan 2–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy. Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da çy­kyş eden il­kin­ji af­ri­ka we­ki­li bo­lan Mü­sür iň soň­ky sa­par 1990-njy ýyl­da­ky Dün­ýä Ku­bo­gy­na gat­na­şyp­dy. On­dan öňem 1934-nji ýyl­da­ky Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da çy­kyş eden Mü­sü­riň ýy­gyn­dy­sy 3-nji ge­zek fut­bol baý­ram­çy­ly­gy­nyň gat­na­şy­jy­sy bol­ýar. Af­ri­ka zo­la­gyn­da “A” to­par­ça­da Tu­nis bi­len Kon­go DR-niň ara­syn­da ýi­ti gö­reş do­wam ed­ýär. Soň­ky du­şu­şyk­la­ryň öňü­sy­ra­syn­da Tu­ni­siň 13, Kon­go DR-niň 10 utu­gy bar. “C” to­par­ça­da 6-njy du­şu­şyk­lar­dan soň, Ma­rok­ko­nyň ýa-da Kot-d’Iwua­ryň ýy­gyn­dy­sy fut­bol baý­ram­çy­ly­gy­na ady­ny ýaz­dy­rar. Ma­rok­ko­nyň 9, Kot-d’Iwua­ryň 8 utu­gy bar. “D” to­par­ça­da­ky 4 ýy­gyn­dy­nyň-da Dün­ýä çem­pio­na­ty­na gat­naş­mak müm­kin­çi­li­gi do­wam ed­ýär. 4 oýun­dan soň Se­ne­ga­lyň 8, 5 du­şu­şyk ge­çi­ren Bur­ki­no Fa­so bi­len Ka­bo Wer­de­niň 6, 2 oý­ny kem Gü­nor­ta Af­ri­ka­nyň-da 4 utu­gy bar.