Geljek ýyl Rus­si­ýa­da ge­çi­ril­jek 21-nji Dün­ýä çem­pio­na­ty­na gat­naş­ma­ga hu­kuk ga­za­nan il­kin­ji ýy­gyn­dy Bra­zi­li­ýa­nyň mil­li to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da Bo­li­wi­ýa bi­len 0–0 deň­me-deň oý­na­dy. Gü­nor­ta Ame­ri­ka zo­la­gyn­da 17-nji tap­gyr­daky 5 oý­nuň 3-sinde ha­sap açylma­dy. Bra­zi­li­ýa­dan ga­lan 3 to­par, şol birwagtyň özünde pleý-off­da çy­kyş et­jek ýygyny hem iň soň­ky tap­gyr­da bel­li bol­dy. Mes­si, Di­ba­la, Ague­ro ýa­ly ýyl­dyz­la­ryň çy­kyş ed­ýän Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy tas­da­nam Dün­ýä çem­pio­na­ty­na çyk­man bi­ler­di. Ýö­ne su­per ýyl­dyz Lio­nel Mes­si ýe­ne bir ýo­la özü­niň us­sat­ly­gy­ny gör­kez­di. Myh­man­çy­lyk­da Ek­wa­do­ry Mes­si­niň het-tri­gi bi­len 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­me­gi ba­şa­ran Ar­gen­ti­na 17-nji sa­par Dün­ýä Ku­bo­gyn­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy. Bo­li­wi­ýa­dan 4–2 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kan il­kin­ji çem­pi­on Urug­waý 13-nji ge­zek gat­na­şar. Pe­ru bi­len Ko­lum­bi­ýa­nyň deň­me-deň oý­na­ma­gy, myh­man­lar üçin Dün­ýä çem­pio­na­ty­na ýol­lan­ma hök­mün­de ýe­ter­lik bol­dy. Ko­lum­bi­ýa 6-njy sa­par Dün­ýä çem­pio­na­ty­na we­kil­çi­lik eder. Pe­ru bol­sa Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy bi­len 6–14-nji no­ýabr­da pleý-off oý­nu­ny ge­çi­rer. Alek­sis San­çes, Ar­tu­ro Wi­dal, Kar­los Bra­wo ýa­ly ýyldyzlary bar bo­lan Çi­li­niň ýy­gyn­dy­sy we­lin, Dün­ýä çem­pio­na­ty­na gat­naş­maga hu­kuk ga­za­nyp bil­me­di. Bra­zi­li­ýa­dan 3–0 ha­sa­byn­da as­gyn ge­len Çi­li­niň tä­lim­çi­si Hu­an An­to­nio Piz­zi we­zi­pe­si­ni taş­la­dy. Bra­zi­li­ýa 18 oýun­da 41 utuk top­lap, Ar­gen­ti­na­nyň 2002-nji ýyl­da­ky Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň saý­la­ma tap­gy­ryn­da ýyg­nan 43 utuk­lyk re­kor­dy­na go­laý­la­dy.