Sentýabr aýyn­da­ky oýun­lar­dan soň, De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­dan Mek­si­ka­nyň ýy­gyn­dy­sy 16-njy ge­zek Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­za­nyp­dy. Bu ge­zek­ki oýun­lar­dan soň, il­ki Kos­ta Ri­ka (5-nji ge­zek gat­naş­ýar), soň­ra-da ta­ry­hyn­da il­kin­ji sa­par Pa­na­ma Dün­ýä Ku­bo­gyn­da çy­kyş et­mä­ge yg­ty­ýar al­dy. Soň­ky oýun­la­ryň öňü­sy­ra­syn­da ABŞ-nyň ýy­gyn­dy­sy 3-nji orun­da bar­ýar­dy. Ýö­ne olaryň çempionata gatnaşmaga hiç hi­li müm­kin­çi­li­gi bol­ma­ýan Tri­ni­dad we To­ba­go­dan 2–1 as­gyn gel­me­gi, şol birwagtyň özünde-de Mek­si­ka­nyň myh­man­çy­lyk­da Gon­du­ra­sdan 3–2 utul­ma­gy, olary to­par­ça­da 5-nji or­na dü­şür­di. Şun­luk­da, yz­ly-yzy­na 7, umu­my­lyk­da-da 10 ge­zek Dün­ýä çem­pio­na­ty­na gat­na­şan ABŞ-nyň fut­bol ýy­gyn­dy­sy bu ge­zek ar­zy­ly pe­te­gi alyp bil­me­di. Olar soň­ky sa­par 1986-njy ýyl­da­ky Dün­ýä çem­pio­na­ty­na gat­na­şyp bil­män­di. To­par­ça­da 4-nji or­ny eýe­län Gon­du­ra­syň ýy­gyn­dy­sy no­ýabr aýyn­da Awst­ra­li­ýa­nyň mil­li to­pa­ry bi­len pleý-off oý­nu­ny oý­nar.