Şu ýy­lyň 19-njy okt­ýab­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si­ ge­çir­ildi. Onuň gün ter­ti­bi­ne hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry gi­ri­zil­di, şeý­le hem bir­nä­çe res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na ga­ral­dy.
Mej­li­siň bar­şyn­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­rin­de al­nyp ba­rylýan iş­le­riň ýag­da­ýy hem-de mil­li Li­de­ri­mi­ziň öň be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de 2022-nji ýyl­da ýur­du­myz­da ila­tyň we ýa­şa­ýyş jaý go­ru­nyň no­bat­da­ky uç­dan­tut­ma ýa­zu­wy­nyň ge­çi­ril­me­gi­niň me­ýil­leş­di­ril­ýän­di­gi ha­bar be­ril­di. Bu çä­re 2015-nji ýy­lyň 10-njy iýu­nyn­da BMG-niň Yk­dy­sa­dy we dur­muş ge­ňe­şi­niň ka­bul eden “Ila­tyň we ýa­şa­ýyş jaý go­ru­nyň 2020-nji ýyl­da­ky ýa­zu­wy­nyň Bü­tin­dün­ýä mak­sat­na­ma­sy­nyň” ka­rar­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de ama­la aşy­ry­lar.
Şeý­le hem şu ýy­lyň 2-4-nji no­ýab­ry ara­ly­gyn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän “Türk­me­nis­ta­nyň ne­bi­ti we ga­zy-2017” at­ly XXII hal­ka­ra mas­la­ha­ty hem-de ser­gi­ni gu­ra­ma­ga gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di. Hal­ka­ra mas­la­ha­ty­nyň gün ter­ti­bi­ne dün­ýä­niň, se­bi­tiň we ýur­du­my­zyň ne­bit­-gaz pu­da­gy­nyň hem-de bu ul­gam­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ösü­şi, pu­da­ga da­şa­ry ýurt ma­ýa se­riş­de­le­ri­ni çek­mek, tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler gi­ri­zi­ler. Türk­men te­bi­gy ga­zy­ny dün­ýä ba­zar­la­ry­na ug­rat­ma­gyň kö­pu­gur­ly me­se­le­le­ri­ne, Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­nyň tas­la­ma­la­ry­na aý­ra­tyn üns ber­ler.
Mej­li­siň çäk­le­rin­de ber­len ha­sa­bat­lar­dan gör­nü­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň pag­ta­çy­la­ry go­laý­la­şyp gel­ýän aja­ýyp baý­ram­çy­ly­gy – Ga­raş­syz­lyk gü­nü­ni zäh­met üs­tün­lik­le­ri bi­len gar­şy­la­ýar­lar. Hä­zir­ki gü­ne çen­li Wa­tan har­ma­ny­na 1 mil­li­on ton­na­dan gow­rak “ak al­tyn” tab­şy­ryl­dy. Ýyg­na­lan pag­ta ha­sy­ly ka­bul ediş bö­lüm­le­ri­ne hem-de pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­la­ra bök­denç­siz ýe­ti­ril­ýär, tab­şy­ry­lan ha­syl üçin pag­ta­çy­lar bi­len öz wag­tyn­da ha­sap­la­şyk­lar ge­çi­ril­ýär. Mun­dan baş­ga-da, hä­zir­ki gü­ne çen­li 735 müň 787 gek­tar meý­da­na bug­daý ekil­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da ak ekin­le­re ideg et­mek, şol san­da ösüş su­wu­ny tut­mak, ha­şal ot­la­ra gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Bu­lar­dan baş­ga-da, ýur­du­my­zyň baş baý­ra­my­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk­la­ryň çäk­le­rin­de Aş­ga­bat şä­he­ri­ni ös­dür­me­giň 15-nji no­bat­da­ky­sy­nyň çäk­le­rin­de bi­na edi­len me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň açy­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ri­ler. Bu tap­gyr­da ýur­du­my­zyň dür­li mi­nistr­lik­le­ri we pu­dak eda­ra­la­ry, Aş­ga­bat şä­her hä­kim­li­gi hem-de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bu bi­na­la­ryň buý­ru­jy­la­ry bol­du­lar. Hä­zir­ki dö­wür­de tä­ze bi­na­la­ryň gur­lu­şyk iş­le­ri do­ly ta­mam­la­nyp, ola­ryň ulan­ma­ga be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li gu­ral­jak da­ba­ra­la­ra taý­ýar­lyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de şu ýy­lyň 10-12-nji no­ýab­ryn­da Ýa­po­ni­ýa­da geçiriljek Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň me­ýil­na­ma­sy ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di. Dö­re­di­ji­lik çä­re­si­niň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň we mu­zeý gym­mat­lyk­la­ry­nyň eser­le­ri­niň ser­gi­si, bel­li aý­dym­çy­la­ryň, bag­şy-sa­zan­da­la­ryň, “Gal­ky­nyş” folk­lor-tans to­pa­ry­nyň çy­kyş­la­ry, türk­men hem-de ýa­pon ar­tist­le­ri­niň bi­le­lik­dä­ki kon­ser­ti gu­ra­lar.
Ýa­po­ni­ýa­da ge­çi­ril­jek Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri 2015-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Sind­zo Abe­niň ara­syn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ra la­ýyk­lyk­da gu­ral­ýar.
Mej­li­siň bar­şyn­da 14–15-nji no­ýabr­da Ow­ga­nys­tan bo­ýun­ça 7-nji se­bit­le­ýin yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk mas­la­ha­ty­ny (RECCA VII) ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di. Hä­zir­ki wagt­da iki goň­şy döw­le­tiň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan bu mas­la­ha­ta taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly, fo­ru­myň işi­ne dün­ýä­niň en­çe­me ýur­du­nyň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň, şol san­da BMG-niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­na­şar. Iki gün­lük du­şu­şy­gyň bar­şyn­da Ow­ga­nys­ta­nyň gat­naş­ma­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan ener­ge­ti­ka we ulag-ara­gat­na­şyk tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, söw­da, hu­su­sy ul­ga­my ös­dür­mek hem-de te­le­ke­çi­lik ug­ry bo­ýun­ça iş­jeň hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak ýa­ly ugur­la­ra de­giş­li me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy A.Nur­ber­di­ýe­wa şu ýy­lyň 14-16-njy okt­ýab­ry ara­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň par­la­men­ta­ri­le­ri­niň to­pa­ry­nyň Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Par­la­men­ta­ra Bi­le­le­şi­gi­niň 137-nji As­samb­le­ýa­sy­na gat­naş­mak üçin Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na bo­lan iş sa­pa­ry­nyň ne­ti­je­le­ri ha­kyn­da ha­bar ber­di.
Mil­li par­la­men­tiň ýol­baş­çy­sy bu fo­ru­myň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Par­la­men­ta­ra Bi­le­le­şi­gi­niň ag­za­ly­gy­na ka­bul edi­len­di­gi ba­ra­da­ky şat­lyk­ly ha­ba­ry aý­dyp, Par­la­men­ta­ra Bi­le­le­şi­gi­niň iri hal­ka­ra par­la­ment gu­ra­ma­sy­dy­gy­ny hem-de dün­ýä­niň 173 ýur­du­nyň we 11 par­la­men­ta­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän­di­gi­ni ha­bar ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy, olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­si jem­läp, oňa gat­na­şy­jy­la­ra Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­niň, Sag­dyn­lygyň we ru­hu­be­lent­ligiň ýy­lyn­da türk­men hal­ky­nyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­ler ar­zuw et­di.