Golfdan uzakdakylar üçin bu oýun barjamlylaryň oýny ýaly bolup görünýär. Aslynda, golf dünýäde meşhurlygy boýunça ikinji orunda durýan sport görnüşidir. Amerika we Ýewropa ýurtlarynda çagalaryň aňyny ösdürmäge niýetlenen golf maksatnamalary ene-atalaryň arasynda iň zerur sport maksatnamalarynyň biri hasaplanýar. Bu ýurtlarda köp maşgala çagalaryna golf öwretmek bilen, olaryň gelejekki sport karýerasyny meýilleşdirýärler.
Golf – bu sag­lyk­dyr. Golf çe­ýe­li­gi, ugur­ta­py­jy­ly­gy we çy­dam­ly­ly­gy öw­red­ýär. Bu oýun ys­sa we so­wu­ga ga­ra­maz­dan, is­len­dik ho­wa şert­le­rin­de hem ge­çi­ri­lip bi­lin­ýär. 18 çu­kur­jyk­ly meý­dan­çada­ky oýun azyn­dan 4-5 sa­gat­lap do­wam ed­ýär. Şu ara­lyk­da golf­çy 8-11 ki­lo­metr tö­we­re­gi ýo­ly sök­me­li bol­ýar. Golf – bu tä­miz ho­wa­dyr. Golf – bu tap­lan­mak­dyr, bü­tin öm­rüň­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ke­ma­la ge­tir­mek­dir. Golf – bu çäk­len­di­ril­me­ýän oýun­dyr. Gol­fy is­len­dik ýaş­da öw­re­nip, ga­lan öm­rüň­de do­wam et­di­rip bol­ýar. Golf ýa­şy­ňa, jyn­sy­ňa, fi­zi­ki taý­ýar­lyk de­re­jä­ňe ga­ra­maz­dan, hem­me­ler üçin iş­jeň dynç al­ma­gyň bir gör­nü­şi­dir.
Golf – bu maş­ga­la ara­gat­na­şy­gy­ny we gym­mat­lyk­la­ry­ny ber­kit­mek­dir. Golf – maş­ga­la­nyň äh­li ag­za­la­ry­nyň iş­jeň gat­naş­ma­gy­ny ta­lap ed­ýän oýun bo­lup, mun­da ça­ga­ny ýa­ry­şa äkit­mek, maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň golf meý­dan­ça­syn­da bi­le­lik­dä­ki dynç al­şy göz öňün­de tu­tul­ýar. Golf meý­dan­ça­syn­da öz­bo­luş­ly at­mos­fe­ra bo­lup, ol ýer­de maş­ga­la­nyň äh­li ag­za­la­ry üçin ra­hat­lyk hö­küm sür­ýär.
Golf – bu akyl ýe­ti­ri­şi­ňi ös­dür­mek­dir. ABŞ-da ça­ga­la­ra ni­ýet­le­nen golf mak­sat­na­ma­la­ry­na gat­na­şy­jy­la­ryň 73 gö­te­ri­mi­niň bel­le­me­gi­ne gö­rä, golf ola­ryň özü­ne bo­lan yna­my­ny art­dy­ryp, has-da go­wy oka­ma­ga, sa­pak­la­ra ýe­ti­şi­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Berk düz­gün­le­re eýer­ýän bu oýun ça­ga­lar üçin has-da peý­da­ly­dyr. Bu oýun­da beý­le­ki­ler­dä­ki ýa­ly gap­da­lyň­da emin bol­ma­ýar. Şo­nuň üçin bu oýun öz bäs­deş­le­ri­ňe ha­lal­lyk, ak­ýü­rek­li­lik, dog­ru­çyl­lyk, wyž­dan­ly­lyk bi­len çe­me­leş­me­gi ta­lap ed­ýär, özü­ňe we beý­le­ki­le­re hor­mat goý­ma­gy ter­bi­ýe­le­ýär.
Golf – üs­tün­lik­li kar­ýe­ra­nyň öze­ni­dir. Iri kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň bel­le­me­gi­ne gö­rä, ola­ra hut golf pi­kir­le­niş uky­by­ny, li­der­lik aý­ra­tyn­ly­gy­ny, iş­dä­ki tej­ri­be­si­ni, düz­gün-ny­zam­ly­ly­gy­ny we tu­tan­ýer­li­li­gi­ni ös­dür­mä­ge çyn­la­kaý ýar­dam ber­ýär. Şeý­le hem gol­fuň kar­ýe­ra bas­gan­ça­gy­ny öňe iler­let­mä­ge we şow­ly biz­ne­se ýar­dam ber­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.
Golf – özü­ňe we öz duý­gu­la­ry­ňa erk et­mek ba­şar­ny­gy­dyr. Golf ga­la­pyn, re­al dur­mu­şyň äh­li be­lent­lik­le­ri­ni we pes­lik­le­ri­ni ýa­dy­ňa sal­ýar. Bu oýun­da şow­ly ta­mam­la­nan bö­lüm­den soň­ra, do­ly şow­suz­ly­ga uç­ra­ma­gyň hem müm­kin­dir. Onuň ne­ti­je­si so­ňu­na çen­li nä­bel­li­li­gi­ne gal­ýar. Oý­nuň do­wa­myn­da öz duý­gu­la­ry­ňa bäs ge­lip, in­di­ki me­se­le­de ün­sü­ňi jem­läp, ge­l­jek­ki ädim­le­ri­ňe paý­has­ly çe­me­leş­me­li bol­ýar.
Golf – bu howp­suz­lyk. Golf meý­dan­ça­syn­da ça­ga­la­ryň fi­zi­ki howp­suz­ly­gy aý­ra­tyn ala­da bi­len gur­şa­lyp alyn­ýar. Golf klub öz­bo­luş­ly ho­wa gur­şa­wy­na eýe bo­lup, joş­gun­ly ara­gat­na­şy­gyň ýü­ze çyk­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. Golf – bu şah­sy jo­gap­kär­çi­lik. Golf­da ho­wa­nyň bu­laş­ma­gy we ýel ýa­ly gö­zeg­çi­lik edip bol­ma­ýan köp san­ly te­bi­gy ýag­daý­lar hem ýü­ze çyk­ýar. Top­ja­gaz he­mi­şe golf­çy­nyň is­le­gi­ne gö­rä, uçup ýa-da to­ga­la­nyp dur­ma­ýar. Is­len­dik de­re­je­dä­ki oýun­çy­nyň şow­ly we şow­suz gün­le­ri bo­lup bi­ler. Golf – so­si­al akyl ýe­ti­riş­dir. Çün­ki golf meý­da­nyn­da we golf-klu­byn­da dür­li adam­la­ra sa­ta­şyp, olar bi­len sy­pa­ýy gür­rüň­deş­lik et­mek müm­kin. Şeý­le gür­rüň­deş­li­giň ne­ti­je­sin­de bol­sa, oňat so­si­al en­dik­ler ke­ma­la gel­ýär.
Golf – bu gö­zel­lik we te­bi­ga­ta ýa­kyn­lyk­dyr. Golf – bu dür­li ho­wa şert­le­rin­de flo­ra we fau­na bi­len ta­nyş­lyk­dyr. Golf – bu golf bi­na­gär­le­ri we zy­nat­gär­le­ri ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len aja­ýyp man­za­ra­dyr. Golf – bu aja­ýyp sport­dyr. Hut şo­nuň üçin golf oý­ny dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ryn­da giň­den ýaý­rap, yn­san­la­ryň kalp­la­ry­na barha or­naş­ýar.