portuň ajaýyp görnüşleriniň biri bolan golf saglyk üçin iň oňat sermaýadyr diýip, şwed barlag geçirijileri mälim edýärler. Tejribeleriň görkezişi ýaly, golf oýny biwagt ölüm howpuny pese düşürip, ömrüň dowamlylygyny artdyrýar. Sportuň saglyga peýdalydygy hemmä mälim, ýöne fiziki işjeňligiň aýratyn görnüşiniň peýdalary henize çenli anyk öwrenilenok. Şwesiýanyň Karolinska lukmançylyk uniwersitetiniň alymlar topary golfuň saglyga peýdasyny öwrenmegi ýüregine düwüp, 300 müň oýunçyda barlag geçirdiler. Netijede, golfçylaryň ömrüniň dowamlylygy adaty adamlaryňkydan 5 ýyl uzak bolup çykdy.
Alymlar bu oýnuň saglygy berkitmäge ýardam berýän birgiden aýratynlyklarynyň bardygy üçin, geçirilen barlaglaryň netijelerine geň galmandyklaryny boýun aldylar. Çünki golf oýnunda adam arassa howada 8-11 kilometr töweregi ýoly tiz ädimler bilen külterlemeli bolýar. Şonuň ýaly hem golf sosial aragatnaşygy berkidip, adamyň ruhy saglygyna oňaýly täsir edýär diýip belleýärler. Golf ýaşyna, jynsyna ýa-da ýaşaýyş derejesine garamazdan, oýunçylaryň saglygyna we ruhy durnuklylygyna peýda getirýär.