Türkmen halky indi 26 ýyldyr Garaşsyzlygyň şanly senesini dabaralandyryp gelýär. Şu döwürde milletiň agzybirligi, onuň döwletliligi has-da pugtalandy. Gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini, halkymyzyň durmuş ulgamynyň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün etdi.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bir hatarda ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna dünýäniň ösen tejribelerini, täzeçil usullary, kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ösüşiň täze belentliklerine çykdy. Şu döwürde ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygynyň gerimi giňedi we onuň hili döwrüň talabyna laýyk derejä getirildi.
Aýratyn-da, ýurdumyzyň ylym-bilim pudagynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň netijesinde, ösüp barýan ýaş nesillere berilýän bilim-terbiýäniň derejesi ýokarlandy. Şeýlelikde, ýurdumyzyň mekdepleriniň okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary halkara derejesinde geçirilýän ders olimpiadalaryna işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Olaryň mynasyp bolýan medallarynyň, eýeleýän baýraklarynyň sany ýyl-ýyldan artýar.
Munuň özi Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kämilleşdirilýändiginiň we onuň hil taýdan täze derejä çykýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaşlarynyň mynasyp bilim almaklary üçin döredilýän şertler, ähli zerur enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün edilýän ýokary okuw mekdepleri ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn ösüşiniň baş şertini emele getirýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça beýik Garaşsyzlygymyzyň toý dabaralarynyň belent ruha beslenýän pursatlarynda ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň möhüm ähmiýeti bolan giň möçberli özgertmelere işjeň gatnaşýandygyny bellemek has-da ýakymly. Jemgyýetimiziň durmuşynda wajyp orun eýeleýän şanly seneler mynasybetli guralýan dabaralaryň belent ruha beslenmegi halkymyzyň agzybirliginden, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleriň uly rowaçlyklara beslenýändiginden habar berýär.
Bägül Saparowa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.