Insult we infarktyň öňüni almak üçin günde bir banan we awokada iýmek ýeterlik. ABŞ-nyň Alabama uniwersitetiniň alymlary şeýle netijä geldiler. Onuň esasy syry bolsa, bananyň we awokadonyň kalä baý bolup, arteriýalaryň çeýeligine ýardam berýänligidir.
Barlag geçirijiler kaliniň arteriýalaryň çeýeligi bilen baglanyşykly bolan genlere täsir edýändigini aýdýarlar. Mundan ozalky barlaglar haçan-da, arteriýalar öz çeýeligini ýitirende, infarkt we insult howpunyň artýandygyny görkezdi. Hünärmenler ýaglylygy ýokary bolup, berhiz zerarly ýürek-damar nähoşlugyna uçran gemrijilerde täze barlag geçirdiler. Gemrijilere ýeterlik mukdarda kaliý berlipdir. Kaliniň pes derejeli berhizi zerarly tejribe geçirilýän gemrijileriň arteriýasy çeýeligini ýitiripdir. Köp kaliý alan gemrijileriň arteriýasy bolsa, çeýeligini ýitirmändir. Şonuň ýaly hem iýmitine kaliý köp düşen gemrijileriň arterial damarlary has-da çeýe bolup çykypdyr.