Hünärmenler sport işjeňliginiň islendik adamyň saglygyny berkidýändigini öňe sürýärler. Awstraliýanyň Täze Günorta Uells uniwersitetiniň hünärmeni Semýuel Harwi bu barada şeýle diýýär: “Iň bolmanda az wagtlyk türgenleşik hem has oňaýly netijelere sebäp bolup bilýär. Maşklaryň diňe bir biologik jähetden däl, eýsem, sosial jähetden hem peýdaly taraplary bar. Her hili ýagdaýda bolsa-da, şunuň ýaly baglanyşygyň bolmagy maşklary depressiýa boýunça göreş maksatnamasyna birikdirmegiň zerurdygyny görkezýär”.
Norwegiýanyň 30 müň ilatynyň saglyk ýagdaýynyň seljermelerinden soňra, şeýle netijä gelindi. Görüp otursalar, türgenleşik bilen meşgullanmaýanlar iki esse diýen ýaly köp depressiýadan ejir çekip, hepdede iň bolmanda 1-2 sagat sport bilen meşgullanýanlara garanyňda, ruhy ýagdaýlary ugursyz bolup çykan eken. Maglumatlara görä, depressiýa – dünýäde has giňden ýaýran ruhy keselleriň biridir. Şu günki günde lukmançylyk tejribesinde dürli antidepresantlar ulanylyp, ol hem hemişe oňaýly netije bermeýär. Şonuň üçin depressiýa garşy göreşde islendik goşmaça usullar hünärmenler tarapyndan uly goldawa eýe bolýar.