Fut­bol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň ku­bo­gy ýa­ry­şy­nyň fi­na­lyn­da “Ahal” bi­len “Şa­ga­dam” to­par­la­ry du­şu­şar­lar. 2 oýun esa­syn­da ge­çi­ri­len ýa­rym fi­nal du­şu­şyk­la­ryn­da “Ahal”–“Al­tyn asyr­dan”, “Şa­ga­dam” bol­sa, “Ener­ge­tik­den” üs­tün çyk­dy. “Ahal” to­pa­ry 1-nji oýun­da “Al­tyn asy­ry” 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňip­di. Şon­da ýe­ke-täk pök­gi­ni 24-nji mi­nut­da ýal­ňyş­lyk bi­len Şöh­rat Sö­ýü­now öz der­we­ze­sin­den ge­çi­rip­di. Jo­gap du­şu­şy­gy üçin uly müm­kin­çi­li­ge eýe bo­lan “Ahal” 2-nji oýun­da go­rag­da er­jel çy­kyş et­di. Ne­ti­je­de, 2-nji oýun­da ha­sap açyl­ma­dy we “Ahal” ta­ry­hyn­da 3-nji ge­zek ku­bok ýa­ry­şy­nyň fi­na­ly­na çyk­ma­gy ba­şar­dy. Olar mun­dan öň­ki 2 fi­na­lyn­da-da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy.
Ma­ry­da oý­na­lan 1-nji ýa­rym fi­nal du­şu­şy­gyn­da “Şa­ga­dam” 2–0 ha­sa­byn­da “Ener­ge­tik­den” üs­tün çy­kyp, ýe­ňiş bi­len do­la­nyp­dy. Şol oýun­da ke­nar­ýa­ka şä­he­ri­niň fut­bol­çy­la­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Ser­da­ra­ly Ata­ýew (51) bi­len Sü­leý­man Mu­ha­dow (65) der­we­zä gi­ri­zip­di. Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de ge­çi­ri­len jo­gap oý­ny has çe­ke­le­şik­li we köp gol­ly bol­dy. 19-njy mi­nut­da Sü­leý­man Mu­ha­dow ýer eýe­le­ri­ni öňe çy­kar­dy. 45-nji mi­nut­da Me­lis Ry­za­ýew ha­sa­by deň­le­di. 55-nji mi­nut­da Pir­my­rat Ga­za­kow myh­man­la­ry öňe saý­lap, to­pa­ry­ny az-ow­lak umyt­lan­dyr­dy. Ola­ra fi­nal üçin ýe­ne 1 pök­gi ýe­ter­lik­di. Ýö­ne 90+3-nji mi­nut­da şol gol “Ener­ge­tik­den” däl-de, “Şa­ga­dam­dan” gel­di. Ha­sa­by deň­län to­py My­rat Ham­ra­ýew öz ady­na ýaz­dyr­dy. Şeý­le­lik­de, 2 oý­nuň ne­ti­je­si bo­ýun­ça 4–2 üs­tün­lik ga­za­nan “Şa­ga­dam” 4-nji sa­par fi­nal­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy. Olar mun­dan öň­ki 3 fi­na­ly­nyň di­ňe bi­rin­de ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Ku­bok ýa­ry­şy­nyň fi­na­ly 28-nji okt­ýabr­da Aş­ga­bat­da­ky “Kö­pet­dag” sta­dio­nyn­da oý­na­lar.