UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da to­par­ça­da­ky 3-nji du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. 16 oýun­da 54 gol ge­çi­ri­lip, 1 du­şu­şyk­da ha­sap açyl­ma­dy. 6 oýun­da myh­man­lar ýe­ňiş ga­zan­dy. 4 du­şu­şyk­da-da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy. “Man­çes­ter Ýu­naý­ted”, PSŽ, “Bar­se­lo­na”, “Man­çes­ter Si­ti” we “Be­şik­taş” to­par­la­ry 3-nji oýun­la­ryn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, utuk­la­ry­ny 9-a ýe­tir­di­ler we in­di­ki tap­gy­ra çyk­mak üçin uly müm­kin­çi­li­ge eýe bol­du­lar. “Ben­fi­ka”, “An­der­leht”, “Olim­pia­kos”, “Fe­ýe­noord” klub­la­ry bu tap­gyr­da-da ýe­ňil­di­ler. “Por­to­ny” 3–2 ha­sa­byn­da utan li­ga­nyň deb­ýu­tan­ty “Le­ip­sig” il­kin­ji ýeň­şi­ni, “Ka­ra­bag” bol­sa, öz meý­dan­ça­syn­da “At­le­ti­ko” bi­len deň­me-deň oý­nap, il­kin­ji utu­gy­ny ga­zan­dy. Iňlis toparlarynyň 5-si hem 3-nji oýunlarda-da ýeňlişsiz ýörişini dowam etdirdiler. Olar jemi 15 oýunda 11 gezek ýeňiş gazandylar.
“A” to­par­ça­da myh­man­çy­lyk­da “Ba­zel” Mosk­wa­nyň SSKA-sy­ny 2–0, “Man­çes­ter Ýu­naý­te­dem” “Ben­fi­ka­ny” 1–0 ha­sa­byn­da ut­dy. “B” to­par­ça­da PSŽ üçin “An­der­leh­ti” ýeň­mek kyn düş­me­di. Pa­riž­li­ler 4–0 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Ýupp Haýn­ke­si gaý­ta­dan tä­lim­çi­li­ge bel­län “Ba­wa­ri­ýa” to­pa­ry “Sel­ti­giň” to­run­dan jo­gap­syz 3 pök­gi gi­riz­di. “C” to­par­ça­da il­kin­ji ge­zek gat­naş­ýan “Ga­ra­bag” bi­len “At­le­ti­ko­nyň” ara­syn­da­ky oýun­da ha­sap açyl­ma­dy. Fran­si­ýa­ly emin Rud­di Bu­ke­niň oý­nuň soň­ky 15 mi­nu­ty­ny 1 oýun­çy kem oý­nan “Ga­ra­ba­gyň” pe­nalt­si­ni ber­män­di­gi­ni hem ýat­la­da­lyň. 6 go­luň ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyn­da “Çel­si” bi­len “Ro­ma” 1 utu­gy paý­laş­dy. Il­ki ýer eýe­le­ri 2–0 öňe saý­lan­dy. Soň­ra myh­man­lar 3–2 öňe çyk­dy. 75-nji mi­nut­da-da Ha­zard ha­sa­by deň­län oýun­çy bol­dy. “D” to­par­ça­da “Bar­se­lo­na” “Olim­pia­kos­dan” 3–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Pi­ke­niň gy­zyl pe­tek alan du­şu­şy­gyn­da 1 ge­zek ta­pa­wut­la­nan Lio­nel Mes­si­niň Ýew­ro­ku­bok­lar­da­ky gol­la­ry­nyň sa­ny 100-e ýet­di. “Olim­pia­ko­syň” ýe­ke-täk go­lu­ny 90-njy Ni­ko­lau der­we­zä gi­riz­di. Ol 18-nji mi­nut­da-da ýal­ňyş­lyk bi­len topy öz to­run­dan ge­çi­rip ha­sa­by açypdy. “Ýu­wen­tus” kyn­lyk bi­le­nem bol­sa, “Spor­ting­den” 2–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy.
“E” to­par­ça­da­ky oýun­lar köp gol­ly bol­dy. Iň­lis­le­riň meş­hur klu­by “Li­wer­pul” myh­man­çy­lyk­da “Ma­ri­bo­ry” 7–0 ha­sa­byn­da utup, ta­ry­hy ýe­ňiş­le­ri­niň bi­ri­ni ga­zan­dy. Bu oýun Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 7–0 ha­sa­byn­da ta­mam­la­nan 9-njy, myh­man­çy­lyk­da şeý­le ha­sap bi­len gu­ta­ran 3-nji du­şu­şyk diý­lip bel­le­nil­di. Oýun­da Fir­mi­no we Sa­lah 2 ge­zek­den ta­pa­wut­lan­dy. Mosk­wa­nyň “Spar­ta­gy-da” Pro­me­siň 2 gol ge­çi­ren oý­nun­da “Se­wil­ýa­ny” 5–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. “F” to­par­ça­da hä­zir­ki wagt­da öz çem­pio­nat­la­ryn­da ýeň­liş­siz öň­de bar­ýan “Man­çes­ter Si­ti” bi­len “Na­po­li­niň” du­şu­şy­gyn­da ýe­ňiş iň­lis klu­bu­nyň ta­ra­pyn­da bol­dy. Oýun­da “na­po­li­li” Mer­ten­siň pe­nal­ti ur­gu­syn­dan dürs peý­da­la­nyp bil­män­di­gi­ni hem bel­lä­liň. “Şaht­ýor” Ber­nar­dyň gol­la­ry bi­len “Fe­ýe­noord­dan” 2–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. “G” to­par­ça­da Jenk To­su­nyň 2 go­ly bi­len “Mo­na­ko­ny” ýe­ňen “Be­şik­taş” utu­gy­ny 9-a çy­kar­dy. “Le­ip­sig” öz meý­dan­ça­syn­da “Por­to­ny” 3–2 ha­sa­byn­da ut­dy. “H” to­par­ça­da­ky 2 oý­nam 1–1 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­la­nyp, APOEL Dort­mun­dyň “Bo­rus­si­ýa­sy” bi­len, “Rea­lam” Mad­rid­de “Tot­ten­ham” bi­len 1 utu­gy paý­laş­dy.