Moto GP boýunça möwsümiň 15-nji bäsleşigi Ýaponiýada geçirildi. Ýagyşly howada bolup geçen bäsleşikde “Ducati” toparynyň italýan sürüjisi Andrea Dowizioso ýeňiş gazandy. Motegi şäherindäki “Twin Ring” trassasynda geçirilen ýaryşa 9-njy hatardan başlan Dowizioso 24 aýlawy 47 minut 14,236 sekuntda tamamlady. Ol şu ýylky 5-nji, karýerasyndaky 9-njy ýeňşini gazandy. Ondan 0,249 sekunt yza galan sanawyň lideri, ispaniýaly Mark Markes (“Repsol Honda”) 2-nji hem-de “OCTO Pramac” toparynyň italýan sürüjisi Danilo Petruççi 3-nji ýeri eýeledi. Ilkinji hatardan ýaryşa goşulan “Yamaha” toparynyň fransiýaly piloty Ýohann Zarko 8-nji orna mynasyp boldy. Bu ýaryşdan soň, möwsümiň tamamlanmagyna 4 bäsleşik galanda, çempionlyk ugrundaky göreş hasam çekeleşikli ýagdaýda öwrüldi. Ýaponiýa “Gran Prisiniň” ýeňijisi Dowizioso öňdebaryjy Markes bilen arasyndaky utuk aratapawudyny 11-e düşürdi. Häzirki wagtda Markesiň 244, Dowiziosonyň 233, 3-nji basgançakdaky Mawerik Winýalesiň-de 203 utugy bar. Möwsümiň 16-njy ýaryşy 22-nji oktýabrda, ýagny ertir Awstraliýada geçiriler.