Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň babadaýhanlary möhüm oba hojalyk möwsümi bolan güýzlük däne ekişini tamamladylar we Watan harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler.
Hormatly Prezidentimiz ähli gallaçylary we pagtaçylary, mehanizatorlary, oba senagat toplumynyň beýleki işgärlerini we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly üstünliklerine goşandy bolanlary nobatdaky zähmet ýeňişleri bilen gutlady.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, oba hojalyk önümçiliginde öňdebaryjy tejribelere we pederlerimiziň baý ekerançylyk däplerine daýanyp, edermen daýhanlar netijeli zähmetiň ýokary nusgasyny görkezdiler. Olar möhüm ähmiýeti bolan möwsümi – bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde tamamladylar. Ýokary hilli we degişli guramaçylyk derejesinde geçirilen ekiş möwsümi geljekki bol hasylyň we watandaşlarymyzyň saçaklarynyň bereketiniň girewi bolup durýar. Türkmen gallaçylary Watanymyzyň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmek bilen, oba hojalyk pudagynyň we ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrýarlar.
Pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, ony öz wagtynda ýygnap almak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi daýhanlaryň gazanan ýene bir üstünligidir. Pagta ýurdumyzyň halk hojalygy üçin möhüm çig mal bolup durýar.
Pagtaçy kärendeçileriň, mülkdarlaryň, kombaýnçylaryň, sürüjileriň, miraplaryň, alym – agronomlaryň we beýleki hünärmenleriň döredijilikli zähmeti netijesinde “Ak altyn” tabşyrmak baradaky döwlet borçnamasy doly ýerine ýetirildi.
Ýurdumyzda oba-senagat toplumyny özgertmek, ony dünýä bazarynda ýokary girdejili, bäsdeşlige ukyply pudaga öwürmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Ekerançylaryň öndürijilikli zähmeti, bol hasyl ýetişdirmekleri we doly derejeli durmuşy ugrunda ähli zerur şertler döredilýär.
Daýhanlara ýeňillikli bahalar bilen tehniki hyzmatlar ýola goýulýar. Olar dökünler, tohumlar, ekinlere zyýan berijilere garşy zerur bolan himiki serişdeler bilen üpjün edilýär. Döwletimiz ýokary öndürijiligi bolan we dünýä belli oba hojalyk tehnikalaryny yzygiderli satyn alýar. Kärendeçiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyk öz wagtynda geçirilýär. Bu bolsa, türkmen daýhanlaryna goşa zähmet ýeňşini gazanmaga mümkinçilik berdi. Olar garaşsyz Watanymyzyň şanly 26 ýyllyk baýramçylygyny uly zähmet sowgatlary bilen garşylaýarlar.