23-nji oktýabrda Bereket demir ýol menzilinde Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunda gatnawlary işjeňleşdirmek boýunça çäreleriň toplumynyň çäklerinde gurlan täze lokomotiw deposy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.
Dabara welaýat we etrap häkimlikleriniň, demir ýol pudagynyň, zähmet toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar gatnaşdylar.
Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň möhüm menzilleriniň birinde lokomotiw deposynyň döredilmegi teplowozlara tehniki taýdan hyzmat etmegi hem-de ulanmagy täze derejä çykarmaga, hereket ediş düzümi üçin abatlaýyş binýadyny guramaga, lokomotiw parkynyň ulanylyşyny gowulandyrmaga we şunuň netijesinde bu ýoluň ykdysady bähbidini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Bereket deposynda näsazlyklaryň öňüni almak hem-de iş ukyplylygyny saklamak, lokomotiwleriň arassalygyny üpjün etmek, abatlaýyş işleriniň arasynda enjamlary ýaglamak, düzümiň hereketlendiriji böleginiň, bady saklaýyş enjamlarynyň, tizligi ölçeýiş hem-de ýük we ýolagçy düzümiň hereketiniň howpsuzlygyny üpjün edýän aragatnaşyk abzallarynyň işine gözegçilik etmek çäreleri amala aşyrylýar.
Tehnikalara hyzmat etmegiň birnäçe görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin depoda abatlaýyş işleriniň ençeme görnüşi amala aşyrylýar. Umuman, deponyň kuwwatlyklary şulardan ybaratdyr: gündelik abatlaýyş işleri üçin niýetlenen ulgamda 210 teplowoza hyzmat edip bolýar, ýene-de iki ulgam tehniki hyzmat ediş üçin niýetlenendir. Olaryň birinde ýylda 385 teplowoza, beýlekisinde 10500 teplowoza hyzmat edip bolýar.
Berekediň deposynyň ussahanalary ýük göterijileriň, abatlaýyş akymlarynyň, teplowozyň elektrik hereketlendirijilerini sökmek we ýygnamak üçin enjamlaryň, tokor stanoklarynyň we hyr kesijileriň täze nusgalary, agramy 40 tonna barabar bolan dört sany galdyrgyç arkaly tigirleri ýonup timarlamak üçin gurallar, kebşirleýji we güýçlendiriji enjamlar, teplowozyň abzallarynyň hem-de enjamlarynyň ýagdaýyny barlaýan birnäçe diwarlyklar we beýleki köpsanly abzallar bilen üpjün edildi.
Ussahanalardan başga-da, depoda teplowozlaryň daşyny ýuwmak, hereketlendirijilerden gurumlary we agyr ýag çökündilerini aýyrmak üçin niýetlenen ýörite desgalar, dizel elektrik stansiýasy, suw, ýangyç we ýag saklanylýan ýerler, çägäni guratmak üçin enjamlar, bug üçin niýetlenen gaplar bar.
Şeýle hem depo özüne iki gatly edara binasyny, inžener-tehniki düzümiň desgalaryny, teplowozlaryň dolanyşyk nokadyny, lokomotiw toparlarynyň dynç almagy üçin niýetlenen binany, sport meýdançasyny birleşdirýär.
Berekediň lokomotiw deposynda alty ýüzden gowrak iş orny döredildi. Lokomotiw hojalygy Türkmenistanyň demir ýol pudagynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.