ÖNÜMÇILIKDE DURNUKLY ÖSÜŞ
Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna laýyklykda, 2017-nji ýylyň dokuz aýynda pudaklaryň köpüsinde öndürilýän önümleriň möçberleri yzygiderli artdy. 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň 9 aýynda tebigy gazyň çykarylyşynyň artyş depgini 7,8 göterime barabar boldy. Bu görkeziji benziniň we dizel ýangyjynyň öndürilişinde 0,2 göterime, çalgy ýaglarynyň öndürilişinde 1,9 göterime, demir önümleriniň öndürilişinde 5,1 göterime, elektrik energiýasynyň öndürilişinde 4,8 göterime, nah matalaryň öndürilişinde 10,2 göterime, eýlenen deri babatda 6,3 göterime, tikin we örme önümleriniň öndürilişinde 9,4 göterime deň boldy. Şonuň ýaly-da, azyk senagatynyň möhüm pudaklary boýunça durnukly ösüş gazanylýar.
Oba hojalygynda 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, gök önümleriň öndürilişi 1,1 göterim, bakja önümçiliginiň öndürilişi 8,2 göterim, ýeralmanyň öndürilişi 1,7 göterim, miweleriň öndürilişi 1 göterim artdy. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýük dolanyşygy 12 göterim, ýolagçy dolanyşygy 3,9 göterim ýokarlandy.
GURLUŞYK SENAGATYNDA ULY ÖSÜŞLER
Türkmenistanda 2017-nji ýylyň dokuz aýynda ýylyň başyndan bäri bahasy 4,5 milliard dollardan gowrak bolan desgalar bina edildi. Hasabat döwründe bahasy 4 milliard 584 million 300 müň amerikan dollaryna barabar bolan dürli maksatly binalaryň we desgalaryň 927-si gurlup ulanmaga berildi. Meýilnama 103 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 100,3 göterime barabar boldy.
Şu döwürde 1,5 million inedördül metr ýaşaýyş jaýlary guruldy. Täze gurlan binalaryň hatarynda myhmanhanalar we şypahana toplumlary, Aşgabat şäherinde gurlan uniwersitetleriň binalary, lukmançylyk merkezleri, umumybilim berýän mekdepler, çagalar baglary we beýlekiler bar. Ýylyň ahyryna çenli iri desgalaryň 338-sini ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.
TELEKEÇILERIŇ SALDAMLY GOŞANDY
Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 9 aýyň dowamynda bahasy 639,3 million manada barabar senagat önümleri öndürildi we olaryň möçberleri 36,3 göterim artdy. Şunda, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişi 953,9 million manat artdy we ol 42,6 göterim ýokarlandy. Ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 4 milliard 640,1 million manada barabar boldy. Söwda dolanyşygynyň mukdary 8 milliard 708,9 million manada deň bolup, ol 7,5 göterim ýokarlandy. Hyzmatlar ulgamynda 748 million manatlyk iş ýerine ýetirildi we onuň ösüşi 12,8 göterim derejesinde boldy.
ELEKTRIK ENERGIÝA ÖNÜMÇILIGI
ÝOKARLANÝAR
Türkmenistanyň energetika pudagynyň işgärleri geçen 9 aýyň dowamynda meýilnama boýunça işleri artygy bilen ýerine ýetirdiler. Hasabat döwründe jemi 18 milliard 360 million 611 müň kWt sagat elektrik energiýasy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,8 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Elektrik energiýasynyň eksporty 2 milliard 870 million 835 müň kWt sagada deň bolup, 103,2 göterim ösüş depgini gazanyldy.