FI­FA ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän “Ýy­lyň go­wu­la­ry” baý­rak­la­ry­nyň bu ýyl­ky eýe­le­ri bel­li bol­dy. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Lon­don­da ge­çi­ri­len da­ba­ra fut­bo­lyň öň­ki-soň­ky ýyl­dyz­la­ry gat­naş­dy. Da­ba­ra­da ýy­lyň fut­bol­çy­sy diý­lip, “Re­al Mad­ri­diň” por­tu­ga­li­ýa­ly ýyl­dy­zy Kris­tia­no Ro­nal­do saý­lan­dy. Ge­çen ýy­lam bu hor­ma­ta my­na­syp bo­lan Ro­nal­do “Bar­se­lo­na­nyň” hä­zir­ki we öň­ki ýyl­dyz­la­ry de­giş­li­lik­de, ar­gen­ti­na­ly Lio­nel Mes­si we bra­zi­li­ýa­ly Neý­mar­dan ta­pa­wut­lan­ma­gy ba­şar­dy. Ýy­lyň tä­lim­çi­si baý­ra­gy­na “Re­al Mad­ri­de” go­şa ýe­ňiş ga­zan­dy­ran fran­si­ýa­ly Zi­ne­din Zi­dan la­ýyk gö­rül­di. Ol ita­li­ýa­ly An­to­nio Kon­te we Mas­si­mil­lia­no Al­leg­ri­den öňe saý­lan­dy. Ýy­lyň ze­nan fut­bol­çy­sy diý­len ugur­da “Bar­se­lo­na­nyň” gol­lan­di­ýa­ly oýun­çy­sy Lie­ke Mar­tens ta­pa­wut­lan­dy. Ýy­lyň der­we­ze­çi­si baý­ra­gy ita­li­ýa­ly Ji­an­lui­ji Buf­fo­na gow­şu­ryl­dy. Ze­nan fut­bo­lyn­da ýy­lyň tä­lim­çi­si baý­ra­gy­na Gol­lan­di­ýa­nyň gyz­lar ýy­­gyn­­dy­sy­nyň tä­lim­çi­si Sa­ri­na Wig­man my­na­syp bol­dy. Şeý­le-de ýy­lyň iň owa­dan go­lu­na be­ril­ýän Puş­kaş baý­ra­gy­na “Ar­se­na­lyň” fran­suz hü­jüm­çi­si Oli­wie Ži­ru la­ýyk gö­rül­di. FI­FA Fa­ir Play baý­ra­gy Çe­hi­ýa­nyň 1-nji li­ga­syn­da “Bo­he­mians” bi­len “Slo­waç­ko” to­par­la­ry­nyň ara­syn­da­ky oýun­da gar­şy­daş to­pa­ryň der­we­ze­çi­si Ber­ko­wi­çi ölüm­den ha­las eden to­go­ly hü­jüm­çi Fran­sis Ko­ne be­ril­di. Ýy­lyň jan­kö­ýe­ri sy­la­gy­na bol­sa, “Sel­tik” to­pa­ry­nyň jan­kö­ýer­le­ri my­na­syp gö­rül­di. Ýy­lyň sim­wo­lik ýy­gyn­dy­sy­na-da Ji­an­lui­ji Buf­fon – Da­ni Al­wes, Leo­nar­do Bo­nuç­çi, Ser­jio Ra­mos, Mar­se­lo – Lu­ka Mod­riç, And­res Inies­ta, To­ni Kroos – Kris­tia­no Ro­nal­do, Lio­nel Mes­si we Neý­mar saý­lan­dy.
Dün­ýä bel­li “France Fo­ot­ball” žur­na­ly bi­len FI­FA-nyň şärikdeşligi 2010-njy ýyl­da baş­lap, dür­li se­bäp­ler­den ge­çen ýyl ta­mam­la­nyp­dy. Şeý­le­lik­de, 2016-njy ýyl­dan baş­lap, ýe­ne-de öň­kü­si ýa­ly “Bal­lon d’Or” baý­ra­gy we FI­FA ýy­lyň oýun­çy­sy baý­ra­gy aý­ra­tyn­lyk­da ber­lip ug­ra­dy. FI­FA-nyň baý­ra­gy­nyň ady “Iň go­wu­lar FI­FA fut­bol baý­rak­la­ry” diý­lip üýt­ge­dil­di. Şeý­le-de baý­rak mundan soň, şu ýylky ýaly, ýan­war aýyn­da däl-de, okt­ýabr aýyn­da gow­şur­ylar.