Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy çem­pio­nat­la­ryn­da möw­sü­miň baş­la­na­ny­na en­tek köp wagt geç­me­di­gem bol­sa, eý­ýäm­den kä­bir to­par­lar tä­lim­çi­le­ri­ni ça­lyş­dy. Ang­li­ýa­nyň “Pre­mi­er” li­ga­syn­da bu möw­süm tä­lim­çi ça­lyş­mak öňki döwürlerden ir­räk baş­la­dy. 11-nji sent­ýabr­da ýe­ke ýe­ňiş gazanyp, hat­da gol hem ge­çi­rip bil­me­dik “Kris­tal Pa­las­da” Frank De Bu­ruň or­nu­na Roý Hoj­son bel­le­nip­di. Go­laý­da 2015-nji ýyl­da ta­ry­hy çem­pi­on­lyk ga­za­nan “Les­ter Si­ti­niň” tä­lim­çi­si Kreýg Şeks­pir hem we­zi­pe­sin­den bo­şa­dy­l­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ol “Les­te­ri” çem­pi­on eden Klau­dio Ra­nie­ri­niň or­nu­na bel­le­nip­di. Şeks­pi­riň ýe­ri­ne fran­si­ýa­ly Klaud Po­luň bel­len­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Trans­fer möw­sü­min­de 150 mil­li­on funt ster­ling­ pul harç­lap, tä­ze möw­sü­me uly umyt­lar bi­len baş­lan “Ewer­to­nyň” tä­lim­çi­si Ro­nald Ku­ma­na-da we­zi­pe­sin­de gal­mak ba­şart­ma­dy. Li­wer­pul şä­he­ri­niň we­ki­li onuň tä­lim­çi­li­gin­de 9 oýun­da di­ňe 2 ge­zek ýe­ňiş ga­za­nyp, 18-nji orun­da bar­ýar. “Ewer­ton” soň­ky tap­gyr­da öz meý­dan­ça­syn­da “Ar­se­nal­dan” 5–2 ha­sa­byn­da as­gyn ge­lip­di.
Is­pa­ni­ýa­nyň “La Li­ga­syn­da-da” tä­lim­çi ça­lyş­mak­lyk ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam ed­ýär. “Ala­wes” bi­len ba­şy baş­la­nan tä­lim­çi ça­lyş­ma­gyň ha­ta­ry­na “De­por­ti­wo” hem go­şul­dy. Bu çem­pio­nat­da eý­ýäm 4-nji tä­lim­çi we­zi­pe­sin­den bo­şa­dyl­ýar. “Ala­wes­de” ar­gen­ti­na­ly Lu­is Zu­bel­dia­nyň or­nu­na ita­li­ýa­ly Ji­an­ni De Bia­si, “Wil­ýar­real­da” Fran Esk­ri­ba­nyň de­re­gi­ne Ha­wi­er Kal­le­ha, “Las Pal­mas­da-da” öz is­le­gi bo­ýun­ça işi­ni taş­lan Ma­no­lo Mar­ke­siň ýe­ri­ne Pa­ko Aýes­ta­ran bel­le­ni­l­di. Şu hep­dä­niň ba­şyn­da-da “De­por­ti­wo­da” Pe­pe Mel al­nan şow­suz ne­ti­je­ler­den soň, or­nu­ny Kris­to­bal Par­ra­lo ber­me­li bol­dy.
Ita­li­ýa­nyň “A-Se­ri­ýa­syn­da” hem 2 tä­lim­çi we­zi­pe­sin­den bo­şa­dyl­dy. Ka­lia­ri­de Mas­si­mo Ras­tel­li­niň or­nu­na urug­waý­ly Die­go Lo­pez bel­le­n­di. Şu hep­dä­niň ba­şyn­da li­ga­nyň tä­ze we­kil­le­rin­den, hä­zi­re çen­li ýe­ňiş ga­za­nyp gör­me­dik “Be­ne­wen­to” to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry çem­pio­nat­da gal­ma­gyň ala­da­sy­ny edip baş­la­dy­lar. 9 oýun­da di­ňe 2 gol ge­çi­ren to­par­da Mar­ko Ba­ro­ni we­zi­pe­sin­den bo­şa­dy­lyp, or­nu­na Ro­ber­to De Zer­bi bel­len­di.
Şeý­le-de Fran­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 10 oýun­da 1 ýe­ňiş ga­za­nan “Mets” to­pa­ry hem Fi­lip­pe Hinş­ber­ge­riň ýe­ri­ne Žo­ze Pi­no­ty we­zi­pä bel­le­di. Ol “Li­gue 1-de” we­zi­pe­den bo­şa­dy­lan il­kin­ji tä­lim­çi bol­dy.