Noýabr aýynyň 2-4-i aralygynda Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2017” (OGT – 2017) atly ХХII Halkara maslahaty we sergisi geçirildi. Ony “Türkmennebit” döwlet konserni we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilelikde gurady.
Iri nebit-gaz forumy nobatdaky gezek alymlary we bilermenleri, iri guramalaryň, ýangyç-energetika kompaniýalarynyň wekillerini ýygnady.
Şu ýyl Sergi merkezinde dünýäniň 16 döwletinden – Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Singapuryň, Malaýziýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Fransiýa Respublikasynyň, Awstriýa Respublikasynyň, Niderlandlaryň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Ukrainanyň kompaniýalarynyň 40-a golaýy, şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleri öz diwarlyklaryny ýerleşdirdiler.
Ýurdumyzyň “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we beýleki pudaklaýyn kärhanalaryň birnäçesiniň diwarlyklary sergä gelýänleriň ünsüni özüne çekdi.
Forumyň çäklerinde geçirilýän maslahata dünýäniň 40 töweregi döwletinden 164 halkara we hökümet guramalaryna, şol sanda şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk edýän Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalaryna, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine wekilçilik edýän 500-e golaý wekil hem-de diplomatik wekilhanalaryň işgärleri gatnaşdylar.