Noýabr aýynyň 1-2-si aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisi guraldy hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça adybir maslahat geçirildi. Maslahata ýigrimiden gowrak döwletden: Russiýadan, Hytaýdan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Awstraliýadan, Braziliýadan, Germaniýadan, Eýrandan we beýleki ýurtlardan wekiliýetler ýygnandy.
Seýrana” myhmanhanasynda guralan serginiň açylyş dabarasyna köp adam ýygnandy. Hormatly ýaşululardan, ýerli dolandyryş edaralaryň wekillerinden başga-da, bu ýere Awazada dynç alýan köpsanly syýahatçylar, şol sanda dünýäniň dürli ýurtlaryndan hem-de künjeklerinden biziň deňizdäki dynç alyş ýerimize gelenler gatnaşdylar.
Sergide ýigrimiden gowrak daşary ýurt kompaniýalary – milli syýahatçylyk agentlikleri, şypahana dynç alyş ulgamynda, myhmanhana işewürliginde hem-de beýleki garyşyk ugurlarda işleýän guramalar we kärhanalar diwarlyklaryny görkezdiler. Hyzmatdaşlyk etmegiň serişdelerini hem-de täze teklipleri aýdyň görkezen gözden geçirilişe Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň hemme esasy bölümçeleri hem-de ýurdumyzyň hünär ugurly hususy kärhanalarynyň 60-a golaýy gatnaşdy.
Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň çäklerinde gatnaşyk etmekden başlap, hünär bilimi, okuw we iş maslahatlaryny guramak babatda hyzmatdaşlyk etmäge çenli meseleleriň giň toplumyna degip geçdiler. Syýahatçylygyň parahatçylyk döredijilikli orny aýratyn nygtaldy, çünki ol beýleki ýurtlaryň taryhyny, däp-dessurlaryny we mirasyny bilmäge kömek edýär. Şonuň netijesinde milletara medeni we dostlukly gatnaşyklar berkeýär.
Maslahat Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.