It – iň gadymy öý haýwanydyr. Arheologik gazuw-agtaryş işleri itleriň 15 müň ýyl mundan ozal eldekileşdirilendigine şaýatlyk edýär. Megerem, ol adama gadym zamanlardan bäri päk hyzmat edip gelýän ýeke-täk jandar bolup, wepadarlygy üçin adamlaryň oňa hoşallygynyň nyşany hökmünde ýadygärlik dikeldilmegi ýöne ýerden däl bolsa gerek. Dünýäde şeýle ýadygärlikler juda köpdür.
Mysal üçin, Parižde gar syrgynlygy wagtynda Alp daglaryndan 40 adamy halas eden Senbernar Barri atly ite ýadygärlik dikilen. Berlinde bolsa, batyl idiji itlere bagyşlanan ýadygärlik bar. Çünki batyl adam düýpgöter kömege mätäç bolup, bir özi köçä çykyp bilmeýär. Ony köçeden ynamly alyp gitjek ýolbelet zerur bolup, päsgelçiliklerden sowulmaga, ýoldan geçmäge “ýolgörkeziji” gerek. Ýörite tälim alan itler bolsa, şeýle ýolbeletler bolmagy başarýarlar. Şeýle maksatlar üçin boýy we göwresi ortaça bolan, parahat häsiýetli, buýruga gulak asýan itler saýlanyp alynýar. Eger-de batyl adamda şeýle it bar bolsa, ol oňa iň ýakyn wepaly dost bolýar.
Alýaskanyň Nom obasynda hem şeýle ýadygärlik bar. Bu ýadygärligi Balto atly güýçli, batyrgaý öňbaşçy itiň hatyrasyna dikeldýärler. Bu it alysdaky oba derman daşap, köp adamlaryň janyny halas edýär. Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň eksperimental lukmançylyk institutynda hem şeýle ýadygärlik bolup, dogrusy, daşdan ýonulyp ýasalan bu itiň ady ýok. Ol adamzada hyzmat eden ähli itleriň hormatyna dikeldilipdir. Çünki itler durmuşyň ähli ýüze çykan çykgynsyz ýagdaýlarynda kömek edýärler.
Demirgazykda häzire çenli it tirkegi adamlary we ýükleri daşaýar, ozallar itleriň ýardamy bolmazdan hiç bir ylmy topar ýola düşmändir. Antarktida amala aşyrylan şeýle ekspedisiýalaryň birinde sanka goşulýan itleriň uly tirkegi adamlary halas edip, özleri hem betbagtçylyga uçraýarlar. Soňra olaryň hatyrasyna Ýaponiýanyň Osaka şäherinde ýadygärlik dikeldilýär.
Dünýäde öz eýeleri dünýäden öten soňam olara wepaly bolan itlere goýlan birnäçe ýadygärlikler bar. Italiýanyň Bargo-San-Lorensa şäherinde uruşda gurban bolan eýesiniň ýoluna garap, 14 ýyllap otlyny garşylan wepaly ite ýadygärlik oturdylan. Şotlandiýanyň Edinburg şäherinde eýesi aradan çykan it onuň depin edilen ýerinde bütin bäş ýyllap ýaşap, şol ýerde hem jan beripdir.
Silapguly Garowow,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.