Türkmenistanyň futbol boýunça kubok ýaryşynda 2017-nji ýylyň ýeňijisi “Ahal” topary boldy. “Ahal” topary paýtagtymyzdaky “Köpetdag” stadionynda oýnalan finalda Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam” toparyndan 4–0 hasabynda üstün çykdy. “Ahalyň” 3-nji, “Şagadamyň” 4-nji gezekki finalynda halkara derejeli emin Babanazar Haknazarow jürlewük çaldy. Başdanaýak hüjüm bilen başlan “Ahal” topary 21-nji minutda öňe saýlandy. Çep gapdaldan geçirilen hüjümiň ahyrynda pökgini Didar Durdyýew derwezä girizdi. 2 minutdan soň, “Şagadamyň” torunda ýene bir pökgi peýda boldy. Hüjüme goşulan Hoşgeldi Hojowow “Şagadamyň” derwezeçisinden öňürdip, topy onuň üstünden derwezä girizdi. Röwşen Meredowyň şägirtleri 1-nji ýarym tamamlanmanka, ýene bir gezek tapawutlanyp, arakesmä uly hasap bilen çykdylar. Eminiň goşmaça beren 2-nji minutynda çempionatymyzyň iň netijeli hüjümçisi Wahyt Orazsähedow 3-nji goly öz adyna ýazdyrdy.
Arakesmede Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ýurdumyzyň futbol federasiýasy bilen “Dragon Oil” kompaniýasy tarapyndan, türkmen futbolynyň taryhynda yz galdyran weteran, halypa futbolçylara we sport žurnalistlerine, teswirleýjilerine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
2-nji ýaryma aratapawudy ýygyrmak maksady bilen çykan kenarýaka şäheriniň futbolçylary 66-njy minutda torundan ýene bir pökgi geçirtdi. Bu gezegem Wahyt Orazsähedow tapawutlandy. Ol Myrat Annaýewiň beren pasyny boş derwezä gönükdirip, oýna soňky nokady goýdy. Şeýlelikde, “Ahal” topary 3-nji gezek Türkmenistanyň kubogyna mynasyp boldy. “Türkmennebitönümleri” Baş müdirliginiň topary mundan öňem 2013-nji we 2014-nji ýyllarda bu arzyly sepgide ýetipdi.
ÜÇÜNJI GEZEK GAÝTALANÝAR
4–0 hasaby finalda 3-nji gezek gaýtalanyp, 1993-nji ýylda “Köpetdag” “Merwiň”, geçen ýylam “Altyn asyr” “Aşgabadyň” torundan jogapsyz 4 pökgi girizipdi. 24-nji gezek geçirilen Türkmenistanyň kubogy ýaryşynda häzire çenli iň köp “Köpetdag” topary ýeňiji boldy. Paýtagtymyzyň bu kluby 6 gezek (1993, 1994, 1996/1997, 1999, 2000, 2001) kubogy eýelemegi başardy. “Balkan” 4 (2003, 2004, 2010, 2012), “Altyn asyr” (2009, 2015, 2016) bilen “Ahal” (2013, 2014, 2017) toparlary-da 3 sapar kubogy ýokary galdyrdy. HTTU (2006, 2011) bilen “Merw” (2005, 2008) 2, “Turan” (1995), “Nisa”(1998), “Garagum” (2002) we “Şagadam” (2007) toparlary-da 1 gezek kubok ýaryşynda ýeňiji boldy. “Ahal” topary finalda ýeňilmedik 2 toparyň biri bolup, beýlekisi 2002-nji ýylda kubogy alan “Garagum” toparydyr.