Formula 1 dünýä çempionatynda möwsümiň tamamlanmagyna 2 bäsleşik galanda, çempion mälim boldy. Ýylyň 18-nji ýaryşy Meksika “Gran Prisini” 9-njy hatarda tamamlan “Mersedes” toparynyň Beýik britaniýaly sürüjisi Lewis Hamilton utugyny 333-e ýetirdi. Şeýlelikde, soňky 2 ýaryşyň öňüsyrasynda Hamilton bilen Wetteliň arasyndaky utuk aratapawudy 56-a deň boldy. Bu bolsa, soňky 2 bäsleşikde Wettel ýeňiji bolup, 50 utuk gazanan ýagdaýynda-da Hamiltondan yza galýar diýmekdir. Netijede, Lewis Hamilton 2008-nji, 2014-nji we 2015-nji ýyllardan soň, 4-nji gezek F1-iň çempiony diýen ady eýeledi. Şunlukda, 32 ýaşly Hamilton F1-de 4 çempionlygy bolan 5-nji sürüji bolup, ondan ozal Mihael Şumaher (1994, 1995, 2000, 2001, 2002, 2003, 2004), Huan Manuel Fanjio (1951, 1954, 1955, 1956, 1957), Alan Prost (1985, 1986, 1989, 1993) we Sebastian Wettel (2010, 2011, 2012, 2013) dagy muny başarypdy.
Meksika “Gran Prisi” barada aýdylanda, Hermanos Rodrigesiň adyny göterýän trassadaky ýaryşa Sebastian Wettel ilkinji bolup bat aldy. Ýöne eýýäm ilkinji aýlawda Wetteliňem, Hamiltonyňam ulagyna zeper ýetdi we ikisi-de mejbury pit-stop etmeli boldy. Şol pursatda Maks Werstappen birinji orna geçdi. Ol 71 aýlawlyk ýaryş tamamlanýança, ornuny saklap, pellehanadan 1 sagat 36 minut 26,552 sekuntda geçdi. Şeýlelikde, “Red Bulluň” gollandiýaly sürüjisi şu ýylky 2-nji, umumylykda-da 3-nji ýeňşini gazandy. Ondan 19,6 sekunt yza galan “Mersedesden” fin pilot Waltteri Bottas 2-nji, başga bir finlýandiýaly sürüji Kimi Raikkonen (“Ferrari”) 3-nji ýeri eýeledi. Möwsümiň 19-njy ýaryşy 12-nji noýabrda Braziliýada geçiriler.