Moto GP boýunça möwsümiň 17-nji ýaryşy Malaýziýada geçirildi. “Sepang” trassasynda guralan ýaryşda 3-nji hatardan bat alan italiýaly Andrea Dowizioso ýeňiji boldy. “Dukati” toparynyň piloty 20 aýlawy 44 minut 51,497 sekuntda geçip, şu ýylky 6-njy, karýerasyndaky 8-nji ýeňşini gazandy. Ýaryşda 2-nji ýere bäsleşigiň tamamlanmagyna 5 aýlaw galanda, topardaşy Dowiziosonyň öňe geçmegine ygtyýar beren ispaniýaly Horge Lorenzo mynasyp boldy. 3-nji orny-da “Monster Ýamaha Tek 3” toparyndan fransiýaly Ýohann Zarko eýeledi. Sanawyň lideri, “Repsol Hondanyň” ispan piloty Mark Markes ýeňijiden 17,763 sekunt yza galyp, 4-nji ýer bilen oňňut etmeli boldy. Bu ýaryşdan soň, Markes bilen arasyndaky utuk arapawudyny 21-e düşüren Dowizioso çempionlyk umydyny soňky ýaryşa çenli dowam etdirer. Şeýlelikde, 282 utukly Mark Markes bilen 261 utuk toplan Andrea Dowiziosonyň arasyndaky çempionlyk göreşi möwsümiň 18-nji ýaryşynda-da ýokary depginde dowam eder. Başgaça aýdylanda, Moto GP boýunça şu ýylyň çempiony 12-nji noýabrda Ispaniýanyň Walensiýa şäherinde geçiriljek bäsleşikde belli bolar.