UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da to­par­ça­lar­da­ky 4-nji oýun­lar ta­mam­lan­dy. 4-nji du­şu­şyk­lar­dan soň, 4 klub no­bat­da­ky tap­gyr­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy. Olar PSŽ, “Ba­wa­ri­ýa”, “Man­çes­ter Si­ti” hem-de “Tot­ten­ham” to­par­la­ry­dyr. Şu wag­ta çen­li ýeň­liş­siz do­wam ed­ýän iň­lis klub­la­ryn­dan bi­ri bu tap­gyr­da utul­dy. Ýag­ny “Çel­si” myh­man­çy­lykda “Ro­ma­dan” 3–0 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, iň­lis klub­la­ry ge­çi­ren 20 du­şu­şy­gyn­da il­kin­ji ge­zek ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy.
“A” to­par­ça­da SSKA myh­man­çy­lyk­da “Ba­ze­li” 2–1 utan bol­sa, “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” “Ben­fi­ka­nyň” to­run­dan jo­gap­syz 2 pök­gi gi­riz­di. “Ýu­naý­ted”–“Ben­fi­ka” oý­nun­da por­tu­gal to­pa­ry­nyň der­we­ze­çi­si Sliwar hüjümçi Mar­sia­lyň pe­nal­ti­si­ni ha­las edip, Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da pe­nal­ti saklan iň ýaş der­we­ze­çi bol­dy. Şeý­le-de 18 ýa­şyn­da­ky bel­gi­ýa­ly der­we­ze­çi Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da öz to­ru­na gol ge­çi­ren iň ýaş fut­bol­çy di­ýen ady eýe­le­di. “B” to­par­ça­da PSŽ 4 oýun­da 17 gol ge­çi­rip, ýe­ke pök­gi­ni-de to­ru­na goý­ber­män 2-nji tap­gy­ra çyk­ma­gy ba­şar­dy. “C” to­par­ça­da il­kin­ji ge­zek gat­naş­ýan “Ga­ra­bag” myh­man­çy­lyk­da-da “At­le­ti­ko­dan” utuk al­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di. “D” to­par­ça­da­ky 2 oý­nam deň­lik­de gu­ta­ryp, “Olim­pia­kos”–“Bar­se­lo­na” du­şu­şy­gy tap­gy­ryň gol­suz ge­çen ýe­ke-täk oý­ny bol­dy.

77 ÝYL­LYK RE­KOR­DY TÄ­ZE­LE­DI
“E” to­par­ça­da “Li­wer­pul” “Ma­ri­bo­ry” 3–0, “Se­wil­ýa-da” “Spar­ta­gy” 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. “F” to­par­ça­da mil­li çem­pio­nat­la­ryn­da öň­de bar­ýan “Na­po­li” bi­len “Man­çes­ter Si­ti” du­şuş­dy. 4–2 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram eden iň­lis to­pa­ry 1/8 fi­na­lyň pe­te­gi­ni ga­zan­dy. Du­şu­şyk­da 1 ge­zek ta­pa­wut­la­nan Ague­ro to­par­da­ky gol­la­ry­nyň sa­ny­ny 178-e ýe­ti­rip, 77 ýyl­lyk re­kor­dy tä­ze­le­di. Ýag­ny ar­gen­ti­na­ly hü­jüm­çi “Man­çes­ter Si­ti­niň” iň ne­ti­je­li oýun­çy­sy ady­nyň tä­ze eýe­si bol­dy. On­dan öň­ki re­kord 1928–1940-nji ýyl­lar­da “Si­ti­niň” dü­zü­min­de 453 oýun­da 177 gol ge­çi­ren Erik Bru­ka de­giş­li­di. Ague­ro 178 go­ly 262 du­şu­şyk­da ge­çir­di. Edil “B” to­par­ça­da­ky “Sel­tik­dir” “An­der­leht” ýa­ly, “Şaht­ýor­dan” 3–1 ha­sa­byn­da utu­lan “Fe­ýe­noord” üçi­nem Çem­pi­on­lar li­ga­synyň şu möw­sü­mi ta­mam­lan­dy. “G” to­par­ça­da “Be­şik­taş” “Mo­na­ko” bi­len 1 utu­gy paý­la­şyp, utu­gy­ny 10-a ýe­tir­di we 2-nji tap­gy­ryň bo­sa­ga­syn­dan il­kin­ji ädi­mi­ni ät­di. “H” to­par­ça­da soň­ky çem­pio­n “Real Madrid” myh­man­çy­lyk­da “Tot­ten­ham­dan” 3–1 ha­sa­byn­da utul­dy. Bu tap­gyr­dan soň, iň­lis klu­by 1/8 fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. Dort­mun­dyň “Bo­russ­iýa­sy” öz meý­dan­ça­syn­da-da APOEL-i ýe­ňip bil­me­di. Kipr to­pa­ry­nyň oýun­çy­sy Po­te ýe­ne-de APOEL-e 1 utuk ga­zan­dyr­dy.
To­par­ça­dak­ky 5-nji du­şu­şyk­lar 21–22-nji no­ýabr­da oý­na­lar.