Dünýä Ralli çempionatynyň (WRC) şu ýylky 12-nji bäsleşigi bolan Uels Rallisinde 3-nji ýeri eýelän fransiýaly Sebastian Ožie (“M-Sport”) wagtyndan öň çempionlygyny yglan etdi. Yzly-yzyna 5-nji gezek dünýä çempiony bolan 33 ýaşyndaky Ožie utugyny 215-e ýetirdi. Möwsümiň tamamlanmagyna 1 bäsleşik galanda Nowýill bilen utuk aratapawudyny 32-ä çykaran Ožie 4 çempionlygy bolan finlýandiýaly – Ýuha Kankkunen we Tommi Makinendenem öňe saýlandy. Dünýä Ralli çempionatynda iň köp çempionlyk gazanan pilot Sebastian Lýob bolup, fransiýaly sürüji yzly-yzyna 9 sapar ýeňiş gazanypdy. Şeýle-de toparlaryň arasynda “M-Sport” 2007-nji ýyldan soň, ilkinji çempionlygyna mynasyp boldy. Uelsiň Disaýd şäherinde geçirilen möwsümiň 12-nji bäsleşiginde Ožieniň britaniýaly topardaşy Elfin Ewans 1-nji ýeri eýeledi. Ol 306,98 kilometr aralygy 2 sagat 57 minut 00,6 sekuntda tamamlady. Ewansdan 37,3 sekunt yza galan belgiýaly Tierri Noýwill (“Hýundai”) 2-nji, Sebastian Ožie bolsa, 3-nji orna mynasyp boldy. Möwsümiň 13-nji ýaryşy 16–19-njy noýabr aralygynda Awstraliýada geçiriler.