Singapurda geçirilen zenanlaryň arasyndaky ýylyň jemleýji ýaryşynda (WTA Finals) daniýaly Karolina Wozniaski ýeňiş gazandy. Ýylyň iň öňdäki 8 tennisçisiniň gatnaşýan ýaryşynda Wozniaski finalda amerikaly Wenus Williamsy 2 setde-de 6:4 hasaby bilen ýeňlişe sezewar etdi. Bu ýaryşda ilkinji gezek ýeňiş gazanan 27 ýaşly Wozniaski karýerasyndaky 27-nji WTA kubogyny eýeledi. Wozniaski 1972-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu bäsleşikde çempion bolan ilkinji daniýaly zenandyr. 2010-njy ýyldaky ýaryşyň finalynda utulan Wonziaski möwsümi 3-nji hatarda tamamlar. Eýýäm yzly-yzyna 4-nji gezek Singapurda guralan ýaryşa bu ýyl Simona Halep, Elina Switolina, Karolina Wozniaski, Karolin Garsiýa, Garbinýe Muguruza, Karolina Plişkowa, Wenus Williams, Ýelena Ostapenko dagy gatnaşdylar.