Ýew­ro­pa­nyň mil­li li­ga­la­ryn­da ge­çen tap­gyr­da bi­ri-bi­rin­den gy­zyk­ly du­şu­şyk­lar oý­nal­dy. Ita­li­ýa­da “Ýu­wen­tus” myh­man­çy­lyk­da “Mi­la­ny” Hi­guai­niň (23, 63) gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Şeý­le­lik­de, Hi­guain “La Li­ga­dan” soň, “Se­rie A-da” 100-den köp gol ge­çir­me­gi ba­şar­dy. Ar­gen­ti­na­ly hü­jüm­çi 21-nji asyr­da Ýew­ro­pa­nyň öň­dä­ki 5 çem­pio­na­ty­nyň 2-sin­de 100 gol ge­çi­ren ikin­ji fut­bol­çy bo­lup, ola­ryň bi­rin­ji­si Zla­tan Ib­ra­hi­mo­wiç­dir. Ola­ryň ha­ta­ry­na ýe­ne-de 1 ge­zek ta­pa­wut­lan­sa, PSŽ-niň hüjümçisi Edin­son Ka­wa­ni hem go­şu­lar. Rus­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da-da “Ze­nit” öz meý­dan­ça­syn­da “Lo­ko­mo­tiw­den” 3–0 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. Ang­li­ýa­nyň mil­li li­ga­syn­da “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” “Tot­ten­ham­dan” Mar­sia­lyň ýe­ke-täk go­ly bi­len üs­tün çyk­dy. Is­pa­ni­ýa­da “Re­al Mad­rid” ka­ta­lon to­pa­ry “Ži­ro­na­dan” 2–1 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di.