Ýewropa ylmy barlag taslamasynyň çäklerinde taýýarlanan “Sentinel-1B” emeli hemrasy “Soýuz” raketasy arkaly Fransuz Gwineýasyndaky kosmodromdan uçuryldy. Raketa Ýeriň orbitasyna iki ýyl ozal uçurylan “Sentinel – 1A” hemrasynyň ýanyna bardy. “Copernicus” taslamasynyň çäklerinde taýýarlanan bu emeli hemra raýat goranyşyny, daşky gurşawa degişli maglumatlary toplamak we seljermek maksady bilen peýdalanylar. Bu maksat bilen Ýewropanyň emeli hemra torunyň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Ol tebigy hadysalary has ýakyndan öwrenmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem uly buz bölekleriniň deňizlerdäki hereketini anyklap, deňizçilere ýol görkezer. “Soyuz” “1B” bilen bir hatarda, CNES emeli hemra mikroskopyny hem atmosferanyň daşyna çykardy.