Birleşen Arap Emirlikleri Ýakyn Gündogar hem-de Demirgazyk Afrika sebitleri üçin ilkinji elektron söwda boýunça erkin zolagy ýola goýdy. “Dubai CommerCity” taslamasynyň işe giriziljekdigi habar berildi.
2,7 milliard dirhem (takmynan 735,7 million dollar) möçberindäki taslama 195,096 inedördül metr meýdany eýelär. Ol Dubaýyň halkara howa menziliniň golaýynda bina edilip, şäheriň esasy ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär.
Mälim bolşy ýaly, bu taslama Dubaýyň halkara elektron söwda zolagy boýunça derejesini has-da berkider. Şeýle hem ol şäheriň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de häzirki zaman tehnologiýasyndan işjeň peýdalanmak babatdaky strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly itergi berer.
Taslama elektron söwda bazaryny işjeňleşdirer. 2020-nji ýylda bu bazaryň möçberi 20 milliard dollara deň bolar.