Meksikanyň energetika pudagyny özgertmek babatda durmuşa geçirýän işleriniň netijesinde garaşylýan maýa goýumyň möçberi 80,3 milliard dollara barabardyr. Bu barada ýurduň energetika ministri Pedro Hoakin Kolduell habar berdi.
Onuň aýtmagyna görä, bu pudak boýunça 125 kompaniýanyň gatnaşmagynda baglaşylan ylalaşyklaryň sany 199-a ýetdi. Gözleg we önümçilik üçin 59,5 milliard dollar gönükdiriler. Seýsmiki howpsuzlyk işleri üçin 2 milliard, turba geçirijileriň gurluşygyna 12,2 milliard, “arassa” elektrik toguny öndürmek üçin 6,6 milliard dollar sarp ediler.
Ministriň bellemegine görä, 2024-nji ýyla çenli Meksikada “arassa” elektrik energiýasynyň öndürilişiniň möçberini 35 göterime ýetirip, hususan-da ýelden we Günden giňden peýdalanmak maksat edinilýär.
2013-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri, Meksikada energetika pudagynda özgertmeler maksatnamasy durmuşa geçirilýär we şonuň netijesinde, 80 ýylyň dowamynda ilkinji gezek bu pudaga hususy maýa goýumyň goýulmagyna rugsat berildi. Energiýa serişdeleriniň gözlegi, öndürijilik, gaýtadan işlemek, nebit, tebigy gaz we elektrik energiýasyny saklamak hem-de daşamak babatda daşary ýurt maýa goýumy çekilýär.