Aziýa Ösüş bankynyň prezidenti Takehiko Nakao geçiren metbugat ýygnagynda Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) täze strategiýasyny goldap çykyş etdi. Ol bu strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin 5 milliard dollar möçberinde maliýe goldawyny bermäge taýýardyklaryny mälim etdi.
Täze strategiýanyň çäklerinde sebitdäki taslamalaryň maliýeleşdirilmegi göz öňünde tutulýar. Aziýanyň Ösüş banky Pakistandaky ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi üçin 800 million dollar möçberinde maliýe serişdelerini gönükdirer. Şeýle hem oba hojalygy, syýahatçylyk we demir ýol gurluşygyna maliýe kömekleri berler.
Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde guramanyň ministrler derejesindäki 16-njy maslahaty geçirildi. Şol maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň uzak möhletleýin täze strategiýasyny biragyzdan tassykladylar we Duşanbe jarnamasyny kabul etdiler. 2030-njy ýyla çenli özara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň kabul edilen ministrleriň maslahatyna – maksatnamanyň düzümine girýän 11 ýurduň wekiliýetleri, ýagny Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň we Özbegistanyň toparlary gatnaşdy. Mundan başga-da, ABŞ, Ýaponiýa we Beýik Britaniýa ýaly döwletler hem bilermenlerini iberdi.