Eýsem, matematika näme üçin gerek?! Biz bu sowaly özümize eýýäm bäşinji synpdan berip başlaýarys. Oňa biziň köpimiz galapyn, ähli öý işlerini, giriş synaglaryny üstünlikli tabşyrmak we öz deň-duşlaryňdan yza galmazlyk üçin diýip, gönümel jogap berýäris. Mende bu ylymdan baş çykarmaga bolan uly isleg döredi. Men matematika bolmasa, awtoulagda, uçarda gitmejekdigimize, telefonlary ulanmajakdygymyza, saz diňläp bilmejekdigimize göz ýetirdim.
Ynsan dünýä inen pursatlaryndan başlap, derrew sanlar dünýäsine düşýär – eýýäm onuň boýuny ölçeýärler, agramyny çekýärler, pulsuny barlaýarlar. Ynsan ulalandan soňam matematikasyz oňup bilmeýär. Matematik modelleri howa ýagdaýyny düzmekden başlap, tä kosmosy özleşdirmäge çenli dowam edip, ähli ugurlarda diýen ýaly ulanylýar. Matematikany ulanmak arkaly köplenç gymmada durýan barlaglary geçirmegiň zerurlygy bolmaýar. Matemetik hasaplamalar adamzat durmuşynyň howp astynda galmagyna ygtyýar bermeýär.
Matematika takyk ylymlara girýär. Matematik bilimleriň toplanan döwri miladydan öň V asyra degişli hasaplanýar. Men şeýle bir pikiri okadym: filosofiýa – adamzadyň guraly bolup, onuň kömegi bilen ol tebigatyň gurluşyna akyl ýetirýär, matematika bolsa, ylymlaryň guraly. Tebigatyň gepleýän köp dillerini, biz matematikanyň diline geçirip bileris. Biz hadysalaryň gelejekki ýagdaýyny öňünden habar berýän modelleri hem gurup başararys. Matematika – altynjy duýgy bolup, ol diňe juda az adamlarda ýüze çykýar. Onda aýratyn düşbülik, onuň içki mantygyna we sazlaşygyna düşünmek has möhümdir. Häzirki zaman adamy matematikasyz oňup bilmez. Matematika bize pikirlenmegi, çuňňur oýlanmagy öwredýän ylymdyr.
Çünki matematika dersleriniň diňe bir sanlary ulanyp bilmegi öwretmek däl, eýsem, netijä gelmek, jemlemegi başarmak, ulgamlaşdyrmak, abstrakt düşünjäni ösdürmek ýaly maksatlary bar. Biz mundan beýläk haýsy bir ýoly saýlasak-da, bu ugur zerur bolup durýar. Pikir edip bilýän adam öz hereketleriniň netijesini öňünden görüp bilýär, onuň netijelerine jogap berip bilýär, şeýle adamy bolsa, aldap bolmaýar. Kreatiw oýlanyş bolsa, adama durmuşda üstünlik gazanmaga ýardam berýär.
Matematika bize pikirleri yzygiderli beýan etmegi öwredýär. Düşnükli gürleýän adam bilen gepleşmek, dagynyk, bulam-bujar pikirleriň akymyny yzygiderli ýaňlandyrýan adam bilen gürleşeniňden has gyzyklydyr. Hut şonuň üçin hem matematika bize hem adaty, hem-de professional durmuşda ikinji bolmagy däl-de, birinji bolmagy öwredýär. Sözümiň ahyrynda aýtjak zadym hem şübhesiz, matematika bolmasa, onda dünýä bütinleý başga hili bolardy diýip, pikir edýärin. Matematika bu ozaly bilen adamyň ruhy dünýäsi, içki duýgusydyr.
Durdygylyç Amanow,
Etrek etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň okuwçysy.