Meksikanyň döwlet nebitgaz kompaniýasy “Pemex” tarapyndan soňky 15 ýylyň iň iri nebit ýatagynyň üstünden baryldy. Ýurduň Werakrus ştatynda umumy gory 1,5 milliard barrele deň bolan nebit we gaz ýatagynyň tapylandygy Meksikanyň Prezidenti Enrike Penýa Nýeto tarapyndan mälim edildi.
Ýurduň Prezidentiniň belleýşi ýaly, bu açyş nebit we tebigy gaz pudagy üçin örän uly ähmiýete eýe bolup, soňky 15 ýylyň dowamyndaky iň netijeli işleriň biridir. Bu ýatagyň senagat taýdan özleşdirilmegine gysga wagtyň içinde girişiler.
Täze nebit ýatagy kompaniýanyň degişli infrastrukturalarynyň ýerleşýän ýerinden gaty daşda däl. Meksikanyň döwlet nebitgaz kompaniýasy “Pemex” şu ýylyň iýul aýyndan bäri, her gün ortaça 2million barrel nebit öndürýär.