Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň Esa­sy Ka­nu­ny bo­lan Kons­ti­tu­si­ýa­my­zyň 4-nji mad­da­syn­da: “Türk­me­nis­tan­da jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy adam­dyr” diý­lip bel­le­nil­ýär. Hut şu nuk­daý­na­zar­dan Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de adam­la­ryň sag­ly­gy ba­ra­da bi­möç­ber ala­da­lar edil­ýär.
Hä­zir­ki dö­wür­de ata Wa­ta­ny­myz­da dün­ýä de­re­je­li bar­lag­la­ry ge­çir­mek, usu­ly we ama­ly nuk­daý­na­zar­dan düýp­li yl­my iş­le­ri alyp bar­mak üçin iň bir amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça uly ta­gal­la­lar edil­ýär. Yn­san sag­ly­gy ba­ra­da edil­ýän uly ala­da­nyň yl­my esas­la­ry Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň “Türk­me­nis­tan – mel­hem­ler me­ka­ny”, “Bag­ty­ýar­lyk sag­lyk­dan baş­lan­ýar”, “ Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri”, “ Sport dost­lu­ga, sag­ly­ga we gö­zel­li­ge ta­rap ýol­dur” at­ly eser­le­rin­de öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.
“Sag­lyk” döw­let Mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty pu­da­gy dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk ge­ti­ril­di. Mu­ny mil­li Li­de­ri­mi­ziň ta­gal­la et­me­gi ne­ti­je­sin­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ýo­kanç we ýo­kanç däl ke­sel­le­riň, süý­jü­li dia­bet ke­se­li­niň öňü­ni al­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hem do­lu­ly­gy­na tas­syk­la­ýar. Bu ugur­da ge­çi­ri­len üýt­geş­me­ler, ga­za­ny­lan ösüş­ler, buý­san­dy­ry­jy ne­ti­je­ler esa­syn­da Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň Ýew­ro­pa se­bi­ti bo­ýun­ça eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­na gy­za­myk we gy­zyl­ja ke­se­li­niň ýok­du­gy­ny tas­syk­la­ýan res­mi­na­ma be­ril­di. Her ýy­lyň 14-nji no­ýab­ryn­da bel­le­ni­lip ge­çil­ýän Süý­jüke­se­le gar­şy gö­reş­me­giň Hal­ka­ra gü­nü­ni ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň luk­man­çy­lyk ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri hem ilat ar­syn­da wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri­ni gu­ra­mak ar­ka­ly bel­läp geç­ýär­ler.
Dün­ýä luk­man­çy­lyk yl­myn­da süý­ji dia­bet ke­se­li­niň öz kök­le­ri­ni sag­dyn däl dur­muş ýö­rel­ge­le­rin­den ýa-da oňaý­syz eko­lo­gi­ki we dur­muş gur­şa­wyn­dan alyp gaýd­ýan­dy­gy tas­syk­la­nyl­ýar. El­bet­de, bu ýag­daý­la­ryň öňü­ni alyp bol­ýan­dy­gy­ny bel­le­me­li­di­ris. Mu­nuň üçin her bir ada­myň aras­sa­çy­lyk ka­da­la­ry­ny bir­kem­siz ber­jaý et­me­gi ze­rur­dyr hem-de ýa­ra­maz när­se­ler­den daş­da dur­ma­gy hök­man­dyr.
Süý­jü­li dia­bet dur­muş ýö­rel­ge­le­ri bi­len bag­ly bir­nä­çe howp­ly fak­tor­la­ry özün­de jem­le­ýär. Çi­lim çek­mek, nä­dog­ry iý­mit­len­mek, ar­tyk­maç ag­ram we pes fi­zi­ki iş­jeň­lik ýa­ly ýag­daý­lar bu ke­se­liň ýü­ze çyk­ma­gy­na şert dö­red­ýär. Şo­nuň üçin her bir ada­myň özü­ne erk edip, ýa­ra­maz när­se­ler­den çet­de dur­ma­gy, çen­de­na­şa agyr zäh­met çek­män ýa-da iş­siz­li­ge baş ur­man ka­da­ly ýag­da­ýy dur­muş ýö­rel­ge­si­ne gir­me­gi hök­man­dyr.
Yl­myň tas­syk­la­ma­gy­na gö­rä, süý­jü­li dia­bet iki gör­nüş­de ýü­ze çyk­ýar. Bi­rin­ji gör­nüş­de ol kä­bir se­bäp­le­re gö­rä aş­ga­za­nas­ty mä­ziň in­su­lin bö­lüp çy­kar­ýan öý­jük­le­ri­niň ze­per­len­me­gi bi­len ýü­ze çyk­ýar. Dia­be­tiň bu gör­nü­şi köp­lenç ýag­daý­da ça­ga­lyk we ýet­gin­jek­lik döw­rün­de ýü­ze çyk­ýar.
Ikin­ji gör­nüş­li süý­jü­li dia­bet adat­ça, 30-40 ýaş­dan soň, ar­tyk­maç be­den ag­ra­my bo­lan adam­lar­da ýü­ze çy­kyp bil­ýär. Bu ýag­daý­da aş­ga­za­nas­ty mäz in­su­li­ni bö­lüp çy­kar­sa-da, be­den öý­jük­le­ri­niň oňa bo­lan du­ýu­jy­ly­gy pe­sel­ýär. Bu ýag­daý­dan go­ran­mak üçin her bir ada­myň aşa köp iý­mek­den, ýag­ly-ýüz­li na­har­lar­dan do­ýa­nyn­dan soň hem is­le­gi­niň art­ma­gy­ny bök­de­me­gi ze­rur­dyr. Bu ýag­daý­da özü­ňe erk et­mek, iý­mi­ti­ňi çäk­len­dir­mek ýag­da­ýy­na na­zar sal­mak hök­man­dyr. Ýe­ne bir za­dy berk ýat­da sak­la­mak ze­rur­dyr, ol dia­be­tiň be­jer­gi­si­niň esa­sy­ny düz­ýän za­dyň ber­hiz tut­mak­ly­gy­dyr. Ber­hiz adam­dan er­ki ta­lap ed­ýär. Ha­çan-da ber­hiz yzy­gi­der­li saklanan ýag­da­ýyn­da, ol oňyn ne­ti­je­si­ni ber­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ýo­kanç däl ke­sel­le­riň ös­me­gi­niň howp­ly fak­tor­la­ry­na gö­zeg­çi­lik et­mek çä­re­le­ri­ni iş­läp düz­mä­ge we ola­ry ama­la aşyr­ma­ga uly üns be­ril­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de süý­ji dia­be­te gar­şy gö­reş mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň gaý­ra­go­ýul­ma­syz me­se­le­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar.
Ra­ýat­la­ryň ru­hy we be­den taý­dan sag­dyn bol­ma­gy döw­le­tiň ösüş­le­ri­niň, pa­ra­hat­çy­ly­gy­nyň mö­hüm şer­ti­dir. Bi­ziň halkymyz äh­li dö­wür­ler­de adam­la­ryň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­jaý et­me­gi üçin ala­da­la­nyp­dyr. Bu iş­ler ba­bat­da ýa­zy­jy-şa­hyr­lar öwüt-ne­si­hat hä­si­ýet­li eser­le­ri dö­re­dip­dir­ler. Halk şa­hyr­la­ra, bag­şy-sa­zan­da­la­ra aý­ra­tyn hor­mat go­ýup, ola­ry hö­wes bi­len diň­läp­dir­ler. Olar ila­tyň ara­syn­da ne­si­hat­çy, öwüt be­ri­ji hök­mün­de çy­kyş edip­dir­ler. Sag­lyk, sag­dyn­lyk ne­si­hat edi­ji­le­riň esa­sy te­ma­la­ry­nyň bi­ri bo­lup­dyr.
Bu ba­bat­da türk­men nus­ga­wy şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň eser­le­ri­ni ýat­la­mak bo­lar. Aryf şahyr “Çi­lim­keş”, “Nas atan”, “Çi­lim” ýa­ly goş­gu­la­ryn­da zy­ýan­ly se­riş­de­le­ri berk ýaz­ga­ryp, hal­ky ýa­ra­maz en­dik­ler­den daş­da dur­ma­ga ça­gy­ryp­dyr. Çün­ki ol när­se­ler ada­myň be­den we ru­hy sag­ly­gy­na güýç­li ze­per ýe­ti­rip, fi­zi­ki we akyl ýe­ti­riş uky­by­ny pe­seld­ýär.
Şu ýer­de ýe­ne bir za­dy bel­le­me­li­di­ris, ol hem ke­sel­den sap­lan­mak üçin her bir ada­myň aras­sa ho­wa­da ge­ze­lenç et­me­gi bi­len bir ha­tar­da iý­mi­ti­ne hem üns ber­me­gi­dir. Bu me­se­le­de gök we mi­we önüm­le­ri bi­len yzy­gi­der­li iý­mit­len­mek oňyn ne­ti­je­si­ni be­rip, bedeniň ka­da­ly iş­le­me­gi­ni üp­jün ed­ýär.

Gül­jan NA­ZA­RO­WA,
Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.