Noýabr aýynyň 13-15-ine ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde bolan dabaraly açylyşyna ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Kaşaň zalyň içinde türkmen we özbek halklarynyň dostlugyny wasp edýän şirin aýdymlar ýaňlandy, tanslar ýerine ýetirildi.
Özbek wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Tanzila Narbaýewa döredijilik çäresine gatnaşyjylara we myhmanlara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Ol iki ýurduň medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde döredijilik çäresiniň ähmiýetini belledi.
Soňra Mukamlar köşgüniň sahnasynda Özbegistanyň sungat ussatlary çykyş etdiler. Myhmanlaryň halk we estrada sazlary hem-de aýdymlary, folklor we tans çykyşlary konsertiň maksatnamasynyň özenini düzdi. Sahnada belli halk sazandalary we aýdymçylary, meşhur wokalistler – dürli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri biri-biriniň yzyndan çykyş edip, zehinlerini görkezdiler.
Şeýle hem döredijilik çäresiniň çäklerinde “Awisenna” kinofilminiň görkezilişi boldy. Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda iki ýurduň kyssaçylary we şahyrlary duşuşdylar. “Watan” kinokonsert merkezinde hem özbek sazlary we aýdymlary ýaňlandy. Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri demirgazyk welaýatymyzyň merkezi bolan Daşoguzda tamamlandy.