Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry 2019-njy ýyl­da BAE-de ge­çi­ril­jek futbol boýunça 17-nji Azi­ýa Ku­bo­gy­na gat­naş­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy. Bu ugur­da ýa­ry­şyň 3-nji saý­la­ma tap­gy­ryn­da “E” to­par­ça­da çy­kyş ed­ýän mil­li ýy­gyn­dy­myz 5-nji du­şu­şy­gyn­da Hy­taý Taý­pe­ýi­niň ýy­gyn­dy­sy­ny ka­bul et­di. Bal­ka­na­bat­da­ky “Sport top­lu­my” sta­dio­nyn­da oý­na­lan oý­na 10000-e go­laý jan­kö­ýer gat­naş­dy. Du­şu­şyk­da Şri lan­ka­ly Het­ti­kam­ka­nam­ge Pe­re­ra emin­lik et­di.
Tu­ruw­baş­dan il­deş­le­ri­miz hü­jü­me baş­lap, du­şu­şy­gyň ýa­rym sa­ga­dy dol­man­ka, ha­sa­by aç­ýar. Oý­nuň 22-nji mi­nu­tyn­da je­ri­me ur­gu­syn­dan soň, der­we­zä­niň al­ky­my­na ge­çi­ri­len pök­gi­ni Mu­rat Ýak­şi­ýew dürs ur­ma­gy ba­şar­ýar. Bu onuň to­par­ça­da­ky 2-nji go­ly­dyr. Şol gol­dan 18 mi­nut soň, çep gy­ra­dan Ars­lan­my­rat Ama­no­wyň jerime meýdançasyna geçiren pökgüsini hem­me­den öňür­ti alan Al­ty­my­rat An­na­dur­dy­ýew owa­dan ur­gy bi­len ha­sa­by 2–0-a çy­kar­ýar. Il­deş­le­ri­mi­zi do­ly de­re­je­de ka­na­gat­lan­dyr­ýan bu ha­sap bi­len to­par­lar ara­kes­mä çyk­ýar. 2-nji ýa­rym­da oýun or­ta­tap ýag­daý­da geç­ýär. Esa­sy go­ra­ga üns be­ren il­deş­le­ri­mi­ziň der­we­ze­si­niň al­ky­myn­da emin 88-nji mi­nut­da pe­nal­ti ur­gu­sy­ny bel­le­ýär. Ony 1-nji oýun­da-da dürs ýerine ýe­ti­ren Po-Li­an Çen ýe­ne bir ge­zek ta­kyk ur­ýar. Bu gol oýun­da­ky soň­ky pökgi bol­ýar. 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan il­deş­le­ri­miz Hy­taý Taý­pe­ýi bi­len ge­çi­ren 5-nji du­şu­şy­gyn­da-da gar­şy­da­şy­ny ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär. Türk­men fut­bol­çy­la­ry mun­dan öň­ki oýun­lar­da Hy­taý Taý­pe­ýi­ni 5–0, 2–0, 1–0 we 3–1 ha­sap­la­ry bi­len ýe­ňip­di. Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy utu­gy­ny 10-a ýe­tir­ýär we ta­ry­hyn­da 2-nji gezek Azi­ýa Ku­bo­gy­nyň fi­nal tap­gy­ryn­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­ýar. Il­deş­le­ri­miz il­kin­ji ge­zek 2004-nji ýyl­da­ky ýa­ry­şa gat­na­şyp­dy. Hy­taý­da ge­çi­ri­len bu çem­pio­nat­da Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň (2–2), Yra­gyň (2–3) hem-de Öz­be­gis­ta­nyň (0–1) y­gyn­dy­la­ry bi­len du­şu­şyp­dy.
To­par­ça­da­ky beý­le­ki du­şu­şyk­da Bah­reýn myh­man­çy­lyk­da Sin­ga­pur­dan 3–0 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, 6-njy ge­zek Azi­ýa çem­pio­na­ty­na gat­naş­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy. Hä­zir­ki wagt­da BAE–2019-da çy­kyş et­jek 24 ýy­gyn­dy­nyň 20-si bel­li bo­lup, ga­lan 4-si hem gel­jek ýy­lyň mart aýyn­da oý­nal­jak soň­ky du­şu­şyk­la­ryn­dan soň kes­git­le­ner. Ýer eýe­si BAE bi­len bir ha­tar­da, 2-nji saý­la­ma tap­gy­ryn­da şow­ly çy­kyş eden Ka­ta­ryň, Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň, Tai­lan­dyň, Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň, Awst­ra­li­ýa­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Eý­ra­nyň, Si­ri­ýa­nyň, Yra­gyň hem-de Hy­ta­ýyň ýy­gyn­dy­la­ry çempionata ilkinji petek alan toparlardyr. Do­wam ed­ýän 3-nji saý­la­ma tap­gy­ryn­da öz to­par­ça­la­ryn­da 1–2-nji or­ny eýe­län­ler­den “A” to­par­ça­dan Hin­dis­ta­nyň, “B” to­par­ça­dan Li­wa­nyň, “C” to­par­ça­dan Ior­da­ni­ýa bi­len Wýet­na­myň, “D” to­par­ça­dan Pa­les­ti­na hem-de Oma­nyň, “E” to­par­ça­dan Bah­reýn­dir Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­la­ry 17-nji Azi­ýa çem­pio­na­ty­nyň we­ki­li bol­ma­gy ba­şar­dy. Ga­lan 4 orun ug­run­da-da “A” to­par­ça­da Gyr­gy­zys­ta­nyň (7 utuk) we Mýan­ma­nyň (5 utuk), “B” to­par­ça­da D. Ko­re­ýa (8 utuk) bi­len Gon­kon­gyň (5 utuk), “F” to­par­ça­da-da 9 utuk­ly Fi­lip­pin­le­riň hem-de 7 utu­gy bo­lan Ýe­men we Tä­ji­gis­ta­nyň ara­syn­da ýi­ti gö­reş do­wam ed­ýär.

To­par­ça­lar­da­ky 5-nji oýun­la­ryň ne­ti­je­le­ri: “A”: Ma­kao–Gyr­gy­zys­tan: 3–4, Hin­dis­tan–Mýan­ma: 2–2; “B”: Ma­laý­zi­ýa–De­mir­ga­zyk Ko­re­ýa: 1–4, Gon­kong–Li­wan: 0–1; “C”: Kam­bo­ja–Ior­dan­di­ýa: 0–1, Wýet­nam–Ow­ga­nys­tan: 0–0; “D”: Bu­tan–Oman: 2–4, Pa­les­ti­na–Mal­diw­ler: 8–1; “E”: TÜRK­ME­NIS­TAN–Hy­taý Taý­pe­ýi: 2–1, Sin­ga­pur–Bah­reýn: 0–3; “F”: Ne­pal–Fi­lip­pin­ler: 0–0, Tä­ji­gis­tan–Ýe­men: 0–0.