Her bir ese­riň gym­ma­ty onuň äh­li dö­wür­ler üçin taý­syz çeş­me, iş­de, dur­muş­da, ylym­da, okuw­da gol­lan­ma bo­lup hyz­mat ed­ýän­di­gi bi­len öl­çel­ýär. Bu ba­bat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň­ňur akyl-paý­ha­sy­nyň mi­we­si bo­lan yl­my-çe­per hem-de do­ku­men­tal eser­le­ri aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Eziz Ar­ka­da­gy­my­zyň ýo­ka­ry yl­my esas­la­ra we çe­per­çi­li­ge eýe bo­lan her bir ese­ri dur­mu­şyň dür­li ugur­la­ry­ny çuň­ňur be­ýan edip, öz gym­ma­ty­ny art­dyr­ýar.
Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň paý­ha­sy bi­len asyr­la­ryň do­wa­myn­da dö­re­di­len halk na­kyl­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän “Paýhas çeşmesi” çuň­ňur ma­ny-maz­mu­ny bi­len her bir oky­jy­ny dur­mu­şyň päk, ha­lal ýö­rel­ge­si­ne atar­ýar.
“Paý­has çeş­me­si” ki­ta­by “Wa­tan­çy­lyk we gah­ry­man­çy­lyk ün­dew­le­ri”, “Edep-ter­bi­ýe we ah­la­ky ün­dew­ler”, “Ylym-bi­lim we hü­när öwüt­le­ri”, “Dur­mu­şy pel­se­pe­ler” hem-de “Te­bi­gat we zäh­met ha­kyn­da” at­ly bäş bö­lü­me bölün­mek bi­len, her bir bö­lüm­de ata-ba­ba­la­ry­my­zyň türk­me­niň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy bi­len bag­la­ny­şyk­ly paý­has­ly kes­git­le­me­le­ri – na­kyl­la­ry umy­my bir kö­ke­ne düzül­ýär.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy­nyň ga­dy­my bol­şy ýa­ly, onuň dil­den aý­dy­lyp gel­nen şa­hy­ra­na halk dö­re­di­ji­li­gi-de ga­dy­my­dyr. Halk dö­re­di­ji­li­gi ha­sap edil­ýän eser­le­riň hem­me­si bi­te­wi mil­li çe­per söz sun­ga­ty­dyr. Ýö­ne, şeý­le bol­ma­gy­na ga­ra­maz­dan, olar aý­ry-aý­ry gör­nüş­le­re eýe­dir. Şol gör­nüş­le­riň için­de türk­men halk na­kyl­la­ry aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir.
Türk­men halk na­kyl­la­ry – hal­kyň bäş müň ýyl­lyk ha­ky­da­sy­ny, dur­muş tej­ri­be­si­ni özü­ne siň­di­rip, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­ne eý­le­nip, pi­kir çug­dam­ly­gy­ny, çuň­ňur­ly­gy­ny, ma­ny go­ýa­zy­ly­gy­ny, tä­sir­li­li­gi­ni, dur­mu­şy­ly­gy­ny jem­leýän­li­gi bi­len aý­ra­tyn tä­sir­li­dir. Kitap ma­ny ba­bat­da aňyr­sy­na-bä­r­si­ne göz ýet­me­ýän um­ma­na ça­lym ed­ýän paýhasly pikirlerden su­sulyp alnyp, ola­r özboluşly dö­re­di­ji­lik ga­ly­by­na salnyp­dyr.
Bir na­kyl­da iki ma­ny­ny ber­mek – paý­has ke­lam­la­ry bo­lan halk na­kyl­la­ry­nyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy­dyr. Mu­ny “Paý­has çeş­me­si­ne” gi­ri­zi­len na­kyl­la­ryň on­lar­ça­syn­da aý­dyň gör­mek bol­ýar. Sö­zü­mi­zi anyk my­sal­lar ar­ka­ly ber­ki­de­liň.
“Paý­has çeş­me­sin­de” be­dew at­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly na­kyl­lar aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýär. Ol na­kyl­lar bi­len iç­gin tan­şa­nyň­da, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň be­dew at­lar ba­ba­tyn­da ýö­re­den pi­kir­le­ri­niň ikin­ji bir kes­git­li pi­kir bi­len ut­ga­şyp gid­ýän­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Me­se­lem, ki­tap­da­ky “At gy­ly­gyn­dan iý­mi­ni art­dyr, gyz gy­ly­gyn­dan se­pi­ni” di­ýen na­ky­ly alyp gö­re­liň.
Bu na­kyl­da atyň duý­gur­ly­gy­nyň, syz­gyr­ly­gy­nyň, eýe­si­ne we­pa­ly­ly­gy­nyň hem-de mak­sat-my­ra­dy­na ýe­tir­mä­ge çu­lum­ly­ly­gy­nyň özü­ne hor­mat ge­tir­ýän­di­gi be­de­wiň öz iý­mi­ni art­dyr­ýan­dy­gy bi­len bir ha­tar­da, dur­mu­şa çyk­ma­ly gyz maş­ga­la­nyň gö­ze gör­nüp ug­ran­dan ene-ma­ma­la­ryň dur­muş en­di­gi­ne eýe­rip, öz­baş­dak dur­mu­şa taý­ýar­la­ma­ga gi­riş­ýän şaý-se­pi­niň, ti­kin-ça­tyn iş­le­ri­niň ýyl gel­di­gi­çe art­ýan­dy­gy be­ýan edil­ýär. Çün­ki, gyz per­zent eli iň­ňe tut­ma­ga ýa­ran­da, oňa hü­när öw­re­dil­ýär. Il­ki bir bö­le­jik ma­ta­nyň ýü­zü­ne gaý­ma ga­ýa­dyp, keş­de çek­di­ril­ýär. Has eka­byr­rak­la­ry­na ki­çi­jik ha­ly­ça­jyk­lar ýü­wür­di­lip, dok­ma-da­rak tut­ma­ny, da­rak kak­magy öw­red­ýär­ler, bu iş­ler soň­ra oňa he­ma­ýat bol­ýar.
“At al­saň – ýor­ga bi­len ýö­riş al, aýal al­saň – akyl bi­len huş al” di­ýen na­ky­lyň ma­ny ýor­du­my­ny yzar­la­lyň. Be­dew at esa­san ýor­ga bi­len ýö­riş­de özü­ni mä­lim ed­ýär, ýor­ga­la­mak – uly ýö­riş­le­re wer­ziş bol­ma­gyň şer­ti. Ýor­ga­da at aýa­gy tap­lan­ýar, dür­li ýol­la­ra ynam­dar ga­dam ur­ma­ga ukyp ga­zan­ýar. Ata-ba­ba­la­ry­myz geç­miş ýa­şaý­şyn­da köp­lenç atyň hyz­ma­tyn­dan peý­da­la­nyp­dyr­lar. Oba-kent­le­re ug­ra­mak, ha­bar ýe­tir­mek, oba ho­ja­lyk iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de ho­ja­lyk­da at­la­ryň äh­mi­ýe­ti uly bo­lup­dyr. Şol jä­het­den pe­der­le­ri­miz be­dew al­mak­da ne­sil­le­re onuň ýor­ga-ýö­riş­le­ri­ne üns ber­me­gi ün­dew edip­dir­ler.
Ze­nan – her bir maş­ga­la­nyň gör­ki. Maş­ga­la­ny do­lan­dyr­mak­da, köp­çü­lik iş­le­rin­de, ho­ja­lyk ala­da­la­ryn­da aýal maş­ga­la­nyň zäh­me­ti bi­möç­ber. Ha­çan-da, ze­nan maş­ga­la akyl­ly-baş­ly, eden işi nus­ga­lyk bol­sa, ol oňa ab­raý ge­tir­ýär. Şo­nuň üçin paý­has­ly pe­der­le­ri­miz akyl-baş­ly, da­na huş­ly ze­nan bi­len dur­muş gur­ma­gy ün­däp­dir­ler. “Paý­has çeş­me­si­ne” gi­ri­zen “At ba­sy­şyn­dan bel­li, är ba­ky­şyn­dan”, “At ýa­ly bi­len owa­dan, ze­nan – sa­çy bi­len”, “At aý­la­nyp ga­zy­gy­ny ta­par, är aý­la­nyp ili­ni ta­par”, “At ady bi­len, ýi­git ody bi­len”, “At ýor­tuş­da bel­li, gurt – ýyr­tyş­da, är gö­reş­de, ba­tyr – sö­weş­de” ýa­ly her bir na­ky­lyň aňyr­syn­da bir däl-de, bir­nä­çe ma­ny jem­len­ýär.
Na­kyl­lar halk dur­mu­şy­ny, ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni, dün­ýä­ga­ra­ýyş­la­ry­ny we ym­ty­lyş­la­ry­ny, köp asyr­lyk tej­ri­be­le­ri­ni tes­wir­le­mek ar­ka­ly gym­ma­ty eg­sil­me­jek äh­mi­ýe­te eýe bo­lan söz dü­züm­le­ri­dir. Mu­ny “Paý­has çeş­me­si­niň” ag­ra­my­ny art­dyr­ýan na­kyl­lar aý­dyň ýü­ze çy­kar­ýar.

Ene ORAZ­BER­DI­ÝE­WA,
Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň
uly mu­gal­ly­my.