Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasy Russiýa Federasiýasyndan Hytaýyň Dasin şäherine çenli bolan turba geçirijisiniň ikinji şahasynyň gurluşygyny tamamlady. Uglewodorod serişdelerini daşamaga niýetlenen täze turba geçirijisiniň uzynlygy 942 kilometre barabar bolup, ol 2011-nji ýylda ulanmaga berlen geçirijä parallel ýagdaýda işe girizildi. Onuň geçirijilik kuwwaty 1 ýylda 15 million tonna nebite deňdir. Indiki ýylyň 1-nji ýanwaryndan nebit geçirijisiniň dolulygyna işe girizilmegine garaşylýar. Häzirki wagtda turba geçirijisi boýunça synag işleri alnyp barylýar. Täze desga Russiýa Hytaýa “gara altynyň” köp tonnalaryny ibermäge mümkinçilik berer. Ol häzirki 15 million tonnanyň ýerine nebit eksportuny 30 million tonna ýetirmäge şert döreder.