Ses­le­riň 99,98 gö­te­ri­mi sa­na­lan­dan soň­ra, Slo­we­ni­ýa­nyň döw­let saý­law to­pa­ry hä­zir­ki döw­let Baş­tu­ta­ny Bo­rut Pa­ho­ryň Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da 52,94 gö­te­rim ses alyp, gaý­ta­dan saý­la­nan­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Pre­zi­dent Bo­rut Pa­hor özü­niň da­laş­gär­li­gi üçin ses be­ren äh­li saý­law­çy­la­ra ho­şal­ly­gy­ny bil­di­rip, 5 ýyl mun­dan ozal, Slo­we­ni­ýa­nyň hal­ky­nyň döw­let baş­tu­tan­ly­gy­na saý­lan­dy­gy­ny, hä­zir hem şeý­le ýag­da­ýyň tä­ze­den gaý­ta­la­nan­dy­gy­ny uly buý­sanç bi­len bel­läp geç­di.
Bo­rut Pa­hor – Lýubl­ýan uni­wer­si­te­ti­niň so­sio­lo­gi­ýa, po­li­to­lo­gi­ýa hem-de žur­na­lis­ti­ka fa­kul­te­ti­niň uçu­ry­my. 2012-nji ýyl­dan bä­ri, Slo­we­ni­ýa­nyň döw­let Baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ni alyp bar­ýar. Ol tä­ze­den Pre­zi­dent­li­ge da­laş et­jek­di­gi­ni şu ýy­lyň aw­gust aýyn­da mä­lim edip­di.
Ge­çen hep­dä­niň ýek­şen­be gü­ni ýurt­da­ky 3,2 müň sa­ny saý­law uças­to­gyn­da ses be­r­lişik ge­çi­ril­di. Saý­la­wyň ikin­ji tap­gy­ryn­da Bo­rut Pa­hor bi­len Kam­nik şä­he­ri­niň hä­ki­mi Mar­ýan Şa­res bäs­leş­di. Ne­ti­je­de, saý­law­çy­lar Bo­rut Pa­ho­ry gaý­ta­dan saý­la­dy.
Slo­we­ni­ýa­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň bi­rin­ji tap­gy­ry 22-nji okt­ýabr­da ge­çi­ri­lip­di. 2 mil­lio­na go­laý ilat­ly ýurt­da 1,7 mil­li­on saý­law­çy bar.