“Emirates” awiakompaniýasy ABŞ-nyň dünýä belli awiagurluşyk kompaniýasy “Boeing” bilen täze ylalaşyklara gol çekişdi. Bu resminamalara laýyklykda, umumy bahasy 15,1 milliard dollara barabar bolan “Boeing 787-10 Dreamliner” uçarlarynyň 40-syny almak göz öňünde tutulýar. Degişli ylalaşyklara Dubaý şäherinde geçirilen awiasiýa sergisiniň çäklerinde gol çekildi. Awiakompaniýa ilkinji laýnerini 2022-nji ýylda alar. Şertnama esasynda zerur ätiýaçlyk şaýlary hem berler.
“Boeing 787-10 Dreamliner” – uzak aralyga uçýan, iki hereketlendirijisi bolan ýolagçy uçarydyr. Ol 250-330 ýolagça niýetlenendir. “Boeing” kompaniýasynyň bellemegine görä, “Boeing 787-10 Dreamliner” uçarlary ozalkylaryna garanyňda, has tygşytlydyr.