Meş­hur iň­lis ýa­zy­jy­sy J.R.R. Tol­ki­niň dün­ýä bel­li ese­ri “Ýü­zük­le­riň hö­küm­da­ry” (The Lord of the Rings) üç­le­me­si esa­syn­da se­ri­al su­ra­ta dü­şü­ri­ler. Bu ba­ra­da “Ama­zon”, HBO we “Netf­lix” kom­pa­ni­ýa­la­ry köp wagt­dan bä­ri Tol­ki­niň ady­ny gö­ter­ýän gaz­na bi­len gep­le­şik­ler ge­çi­rip gel­ýär­di. Ahy­ryn­da, “Ama­zon” kom­pa­ni­ýa­sy Tol­kin gaz­na­sy bi­len ese­riň su­ra­ta dü­şür­mek hu­ku­gy me­se­le­sin­de 200–250 mil­li­on dol­la­ra yla­la­şyk ga­zan­dy. “Ama­zon” kom­pa­ni­ýa­sy “Ýü­zük­le­riň hö­küm­da­ry” se­ria­ly­ny “Tagt oýun­la­ry”(Ga­me of Thro­nes) ýa­ly edip, ek­ran­laş­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýär. Mu­nuň üçi­nem azyn­dan 300–400 mil­li­on dol­lar harç­la­ma­ly bo­lar. Pi­ter Jek­so­nyň su­ra­ta dü­şü­ren üç­le­me fil­mi tu­tuş dün­ýä­de mil­li­on­lar­ça to­ma­şa­çy­nyň uly söý­gü­si­ni ga­za­nyp­dy. Ese­riň jan­kö­ýer­le­ri­niň ara­syn­da bu üç­le­mä­niň se­ria­la öw­rül­me­li däl­di­gi­ni be­ýan ed­ýän­le­riň sa­ny az däl hem bol­sa, “Ama­zon” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry onuň ek­ran­laş­dy­ryl­jak­dy­gy­ny anyk aýd­ýar­lar. Se­ri­al ba­ra­da­ky beý­le­ki mag­lu­mat­lar öňü­miz­dä­ki gün­ler­de bel­li bo­lar.