Lon­don­da­ky “Wemb­li” sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­len 24-nji MTV Ýew­ro­pa aý­dym-saz baý­rak­la­ry­nyň gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy örän şow­hun­ly hä­si­ýe­te eýe bol­dy. Müň­ler­çe aý­dym-saz muş­da­gy­nyň, dün­ýä bel­li ýyl­dy­zy­la­ryň gat­na­şan da­ba­ra­syn­da iň köp baý­ra­gy Şawn Men­des ga­zan­dy. Ka­na­da­ly 19 ýa­şyn­da­ky aý­dym­çy iň go­wy sun­gat iş­gä­ri baý­ra­gy bi­len bir ha­tar­da, onuň “The­re’s Not­hing Hol­din’ Me Back” aý­dy­my-da iň go­wy aý­dym sy­la­gy­na la­ýyk gö­rül­di. Iň köp muş­dak­ly aý­dym­çy, iň go­wy ka­na­da­ly aý­dym­çy baý­rak­la­ry­ny-da alan Şawn Men­des özü­ne sy­lag ga­zan­dy­ran aý­dy­my­ny-da da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da ýe­ri­ne ýe­ti­rip, şol ýe­re ýyg­na­nan­la­ryň gö­wün­le­ri­ni gal­kyn­dyr­dy. Kend­rik La­ma­ryň “Humb­le” at­ly şe­kil­li aý­dy­my iň go­wy wi­deo baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy. Iň go­wy pop aý­dym­çy­sy diý­len ugur­da De­mi Lo­wa­ta­dan, Maý­li Saý­rus­dan, Şawn Men­des­den hem-de Teý­lor Swift­den ta­pa­wut­la­nan ku­ba­ly ýaş aý­dym­çy gyz, kem-kem­den şöh­ra­ty art­ýan Ka­mi­la Ka­bel­ýo ta­pa­wut­lan­dy. Iň go­wy hip-hop baý­ra­gy Emi­ni­me gow­şu­ry­lan bol­sa, iň go­wy rok­çy sy­la­gyna-da “Coldp­lay” to­pa­ry la­ýyk gö­rül­di. Iň go­wy gör­nüş baý­ra­gy bi­len Zaýn Ma­lik sy­lag­lan­dy. Ýy­lyň tä­ze aý­dym­çy­sy baý­ra­gy Dua Li­pa be­ril­di.