Moto GP boýunça möwsümiň 18-nji, başgaça aýdylanda iň soňky bäsleşigi Ispaniýanyň Walensiýa şäherinde geçirildi. Çempiony kesgitleýän bäsleşikde 30 aýlawy “Repsol Hondanyň” ispan piloty Dani Pedrosa birinji orunda tamamlady. Ol pellehanadan 46 minut 08,125 sekuntda geçip, şu ýylky 2-nji, karýerasyndaky 31-nji ýeňşini gazandy. Ondan 0,337 sekunt yza galan “Monster Ýamaha Tek 3” toparyndan fransiýaly Ýohann Zarko 2-nji orna mynasyp boldy. Ýaryşa ilkinji hatardan bat alan “Repsol Hondanyň” ispan sürüjisi Mark Markes ýeňiji Pedrosadan 10,861 sekuntlyk pes netije görkezip, 3-nji orny eýeledi. Şeýlelikde, Walensiýa “Gran Prisini” tamamlap bilmedik Andrea Dowizioso bilen arasyndaky utuk aratapawudyny 37-ä ýetiren Mark Markes 4-nji gezek Moto GP-niň çempiony bolmagy başardy. 24 ýaşly sürüji 2013-nji, 2014-nji we 2016-njy ýyllarda-da çempionlyk gazanypdy. Markes Moto GP-de 4 çempionlygy bolan Beýik britaniýaly Jeoff Dýuk, Jon Surtis, Maýk Heýlwud hem-de amerikaly Eddi Lawson bilen deňleşdi. 1949-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän Moto GP bäsleşiginde häzire çenli iň köp çempionlyk kubogyny italiýaly Jiakomo Agostini gazandy. Ol 8 çempionlyk bilen birinji hatarda barýar. 7 gezek ýeňiji bolan başga bir italiýaly sürüji Walentino Rossi 2-nji, awstraliýaly Mik Duhan bolsa, 5 çempionlyk bilen 3-nji ýeri eýeleýär.