Ten­nis bo­ýun­ça ze­nan ýy­gyn­dy­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän FED ku­bo­gyn­da ABŞ-nyň to­pa­ry ýe­ňiş ga­zan­dy. Olar Be­la­ru­syň paý­tag­ty Minsk­de oý­na­lan fi­nal­da ýer eýe­le­ri­ni 3:2 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war edip, 17 ýyl­dan soň, 18-nji çem­pi­on­ly­gy­na my­na­syp bol­dy. ABŞ-nyň dü­zü­min­de Ko­ko Wan­de­we­ge, Sloa­ne Ste­fens, Şel­bi Ro­jers hem-de Ali­son Ris­ke, il­kin­ji ge­zek fi­na­la çy­kan Be­la­ru­syň ýy­gyn­dy­syn­da-da Ari­na So­bo­len­ko, Alek­sand­ra Sas­no­wiç, We­ra Lap­ko, Ol­ga Go­wor­so­wa da­gy çy­kyş et­di. Wan­de­we­ge Sas­no­wiç­den 2:0 (6:4, 6:4), So­bo­len­ko bol­sa, Ste­fens­i 2:1 (6:3, 3:6, 6:4) ha­sa­byn­da ýeňýär. 3–4-nji du­şu­şyk­lar­da her to­par 1 ge­zek ýe­ňiş ga­zan­ýar we ha­sap deň­len­ýär. Ýag­ny Wan­de­we­ge So­bo­len­ko­ny 2:0 (7:6, 6:1), Sas­no­wi­çem Spe­fen­si 2:1 (4:6, 6:1, 8:6) ha­sa­byn­da ut­ýar. Çem­pio­ny kes­git­län jü­büt­le­riň oý­nun­da-da Ro­jers–Wan­de­we­ge iki­si be­la­rus­ly So­bo­len­ko–Sas­no­wiç iki­sin­den 2:0 (6:3, 7:6) üs­tün çyk­ýar. Şeý­le­lik­de, ABŞ-nyň ýy­gyn­dy­sy 17 ýyl­dan soň, FED ku­bo­gyn­da 18-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­ýar. Ame­ri­ka­ly ten­nis­çi ze­nan­lar bu ugur­da öň­de­li­gi eýe­le­ýär­ler. 2-nji bas­gan­çak­da­ky çeh­le­riň 10, 3-nji orun­da­ky awst­ra­li­ýa­lyla­ryň 7 çem­pi­on­ly­gy bar.