Ýakynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde ýerleşýän awtomobil sporty merkezine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz häzirki zaman ýaryş awtoulaglaryny synlady. Täze awtoulaglaryň IIM-niň garamagyndaky Awtosport merkeziniň ygtyýaryna gelip gowşandygy barada içeri işler ministri Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 21-nji noýabrda geçirilen göçme mejlisinde habar berdi, ol döwlet Baştutanymyza bu topluma baryp görmek hem-de täze awtoulaglary gözden geçirmek baradaky haýyş bilen ýüz tutdy.
Türkmenistanyň awtomobil sporty merkezi 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda açyldy we şonda bu toplumda ilkinji ýaryşlar geçirilip, oňa döwlet Baştutanymyz gatnaşdy.
Biziň hemmämiz hormatly Prezidentimiziň rowaçlygy alamatlandyrýan ýedinji belgili awtoulagda ajaýyp netijeleri görkezendigini bilýäris. Ýeri gelende aýtsak, döwlet Baştutanymyz ýetginjeklik ýyllary awtomobil sporty bilen meşgullanypdyr we şol wagt hem “7” belgili awtoulagda ýaryşlara gatnaşypdyr.
Milli Liderimiz şeýle belgili “Alfa Romeo” ýaryş awtoulagynda awtomobil sporty merkeziniň açylyşynda haýran galdyryjy ussatlygy, sport awtoulagyny dolandyrmagyň ýokary derejesini, ýeňşe bolan okgunly erki ýene bir gezek görkezip, ussat awtoulag türgeni bilen bäsleşikde ýeňiş gazanypdy.
Milli Liderimiz Merkeze şu gezekki baryp görmeginiň dowamynda täze awtoulaglary synlady, olaryň tehniki häsiýetnamalary, ulanyş we hyzmat ediş aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Milli Liderimiz diňe bir ýaşlary däl, eýsem, ilatyň giň köpçüligini işjeň çekmek arkaly bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeli sporty wagyz etmegiň we ösdürmegiň wajypdygyny ýene-de bir gezek belledi.
Döwlet Baştutanymyz awtodromda täze gelip gowşan ýaryş awtoulaglarynyň birini sürüp, onuň hereketlendirijisiniň kuwwatyny, hereket çeýeligini, tizligi artdyrmak mümkinçiliklerini, çalt saklanmak, sürüji üçin amatlylyk şertlerini synagdan geçirdi.
Sagdyn we sport bilen meşgullanmak durmuş ýörelgesine üýtgewsiz eýerýän hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi, gürrüňsiz suratda ildeşlerimiziň müňlerçesini, ýaşlary sport bilen yzygiderli meşgullanmaga ruhlandyrýar. Milli Liderimiziň ýokary tizlikli sport awtoulaglaryna erk etmekde görkezýän ussatlygyna haýran galmak bilen, ýetginjekleriň köpsanlysy ýaryş awtoulaglaryna şunuň ýaly erk etmegi ele almaga höwes edýärler.
HALKARA ÝARYŞLAR
GEÇIRILER
Häzirki wagtda Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşýän ýurt hökmünde öz ornuny gaýtadan dikeldýär, bu ýol gadymyýetde ýurdumyzyň çäklerinden geçipdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Adamzat siwilizasiýasynyň täsin gudratynyň birine öwrülen bu taryhy ýol täze görnüşde diňe bir döwletleriň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny däl-de, olaryň medeni, ynsanperwerlik, şeýle hem sport ulgamyndaky arabaglanyşygyny alamatlandyrýar. Muňa şu ýyl üstünlikli geçirilen “Aşgabat 2017” oýunlary aýdyň mysal bolup biler, bu oýunlara diňe bir Aziýa we Okeaniýa ýurtlaryndan 64 topar, bosgun türgenler däl-de, eýsem, dünýäniň ähli künjeginden žurnalistler, tomaşaçylar we syýahatçylar gatnaşdy.
Milli Liderimiz bu gürrüňi dowam etmek bilen, I.Mulikowa Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça häzirki zaman ýaryş awtoulaglarynda halkara ýaryşlaryny guramak we geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz bu barada tabşyryk bermek bilen, Amuldan Hazara çenli geçiriljek awtoralli ýaryşynyň badalga we pellehana nokatlaryny kesgitledi. Amyderýanyň ýa-da ozalky döwürlerde Jeýhun diýlip atlandyrylan bu derýanyň kenaryndaky we Hazar deňziniň kenaryndaky şäherleriň bu taryhy atlary bize beýik türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň “Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy…” diýen meşhur şahyrana setirlerini ýatladýar.
Bu awtoralli ýaryşyna gatnaşyjylar diňe bir türkmen halkynyň taryhy mirasyna aralaşmak bilen çäklenmän, bu ady rowaýata öwrülen künjeklere düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler, ylmy-tehniki ösüş hem-de ýurdumyzyň sebitleriniň senagatlaşdyrylmagy bilen täze durmuşyň gelendigini görüp bilerler. Türkmenistanyň eýýäm şeýle iri möçberli sport çäräni geçirmek başlangyjy bilen çykyş edendigini hem-de taslamanyň guramaçylarynyň biri hökmünde ony mynasyp durmuşa geçirmek bilen dünýä bileleşigine parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde özüni ýene bir gezek görkezendigini bellemek gerek.
Şonda hormatly Prezidentimiziň “Ýüpek ýoly–2009” ralli ýaryşyny geçirmek baradaky teklibini Russiýanyň we Gazagystanyň Liderleri goldadylar. Netijede, bu taslama üç dostlukly döwletiň we doganlyk halklaryň okgunly ösýän gatnaşyklarynyň taryhyna aýdyň sahypa bolup ýazyldy. Ýeri gelende aýtsak, şol ýaryşlarda türkmen topary “KAMAZ”-da çykyş edip, oňat netije görkezipdi.
Şol wagt hem hormatly Prezidentimiziň hut özi bu ýolda ralli ýaryşlaryna gatnaşýan türkmen topary üçin gelip gowşan täze “KAMAZ”-lary synagdan geçirdi, bu ýaryşlara “Dakar” tapgyrynyň derejesi berildi. Onuň ugurlarynyň umumy uzynlygy, üç ýurduň – Russiýanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäklerinden geçip, 4,5 müň kilometre deň boldy, bu uzynlygyň ýarysyna golaýy – 2100 kilometri Balkan welaýatynyň sähralyklaryny hem-de Garagum çölüniň çäge aňňytlyklaryny öz içine alyp, Türkmenistanyň çäginden geçýär.
Indi bolsa, döwlet Baştutanymyzyň awtoulag sporty boýunça iri halkara ýaryşlaryny guramak baradaky başlangyjy bu ulgamda köp sanly gyzyklanma bildirýän taraplaryň çekilmeginde başlanan işleriň dowam etdirilmegine uly itergi berer. Döwlet Baştutanymyz geljek ýylda “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçiriljek şeýle ýaryşlaryň aýratyn ähmiýetini belledi.
Hormatly Prezidentimiz milli awtosportuň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Döwlet Baştutanymyz diňe bir sportuň bu görnüşiniň hakyky tarapdary bolmak bilen çäklenmän, sport awtoulagyna ussatlyk bilen erk etmegi başarýan ajaýyp türgendir. Ýakyn wagtlarda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ähli welaýatlarda häzirki zaman awtodromlar gurlar, türkmen türgenleriniň ýokary sport derejeli awtomobil ýaryşlaryna üstünlikli gatnaşmagy eýýäm häzirki wagtda bize täze ýeňişlere umyt baglamaga esas döredýär.