Şu günler dünýäniň köp ýurtlarynda 2018-nji ýylda türkmenistanlylaryň şygary hökmünde saýlanylan döwlet Baştutanymyzyň täze eseri bolan “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär.
Şeýle çäreler noýabr aýynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Wintertur şäherinde, Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde, Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan döwlet uniwersitetinde, Awstriýanyň Wena şäherinde, Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwada, Beýik Britaniýanyň “University College of London” ýokary okuw mekdebiniň Arheologiýa institutynda, Pekiniň nebit we gaz uniwersitetinde, Belarus döwlet ykdysadyýet uniwersitetinde, Russiýa Federasiýasyndaky Astrahan döwlet tehniki uniwersitetinde, Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde we Abu-Dabide Türkmenistanyň bu ýurtlardaky ilçihanalary tarapyndan guraldy.
Tanyşdyrylyş dabaralarynyň dowamynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň täze eseri halkymyzyň taryhy ýoluna anyk baha bermäge, onuň milli medeniýetiniň özboluşlylygy, däp-dessurlary we durmuş ulgamy bilen tanyşmaga, gadymy türkmen halkynyň dünýäniň ylmy, ykdysady we medeni ösüşine goşan goşandyna has aýdyňlygy bilen göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.