o­laý­da BMG-niň eda­ra bi­na­sy­nyň ýer­leş­ýän ýe­ri bo­lan ABŞ-nyň Nýu Ýork şä­he­rin­den hoş ha­bar ge­lip go­wuş­dy. 2017-nji ýy­lyň 17-nji no­ýab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan tek­lip edi­len “Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin se­bit mer­ke­zi­niň or­ny” at­ly Re­zol­ýu­si­ýa­sy­ny ka­bul et­di. Ka­rar­na­ma­nyň aw­tor­da­şy bo­lup, 57 ýurt çy­kyş et­di. Bu mö­hüm Re­zol­ýu­si­ýa­nyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 72-nji mej­li­si­niň 55-nji mas­la­ha­tyn­da ag­za ýurt­la­ryň äh­li­si ta­ra­pyn­dan bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji sy­ýa­sa­ty­nyň dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­ýän­di­gi­niň ýe­ne-de bir ge­zek aý­dyň su­but­na­ma­sy bol­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz tu­tuş türk­men hal­ky­ny hal­ka­ra äh­mi­ýet­li uly ta­ry­hy wa­ka­lar – Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň açyl­ma­gy­nyň 10 ýyl­ly­gy hem-de şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li bu Gu­ra­ma­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 17-nji no­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len “Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin se­bit mer­ke­zi­niň or­ny” at­ly Re­zol­ýu­si­ýa­sy­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi bi­len gut­la­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, 2007-nji ýy­lyň de­kabr aýyn­da Aş­ga­bat­da da­ba­ra­ly ýag­daý­da açy­lan Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi ge­çen döw­rüň için­de se­bit­dä­ki ýurt­la­ryň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýardam berdi.

Şeýle hem ýü­ze çyk­ýan äh­li me­se­le­le­ri pa­ra­hat­çy­lyk­ly we yla­la­şyk­ly çöz­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­ga ýar­dam be­rip gel­di.
Se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň äh­li­si­niň gol­daw ber­me­gin­de bu mer­ke­ziň açyl­ma­gy Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň, beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek üçin ze­rur şert­le­ri dö­ret­mek­de dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň alyp bar­ýan iş­le­ri­niň ug­ru­nyň bir­di­gi­ni ýe­ne-de bir ge­zek tas­syk­la­dy. Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi BMG-niň pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji he­re­ke­ti­niň öz­bo­luş­ly seý­rek dü­zü­mi ha­sap­lan­ýar. Onuň dö­re­dil­me­gi ha­kyn­da­ky baş­lan­gyç se­bit we äh­lu­mu­my de­re­je­de pa­ra­hat­çy­ly­gy gol­da­mak we howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek ha­kyn­da kon­sep­tu­al ga­ra­ýyş­la­ry bi­len yzy­gi­der­li çy­kyş ed­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne de­giş­li­dir.
Se­bit ýurt­la­ry­nyň hem­me­si­niň we soň­ra Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan bi­ra­gyz­dan gol­da­nyl­ma­gy ne­ti­je­sin­de BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit­le­ýin mer­ke­zi­niň ştab-kwar­ti­ra­sy 2007-nji ýy­lyň 10-njy de­kab­ryn­da Aş­ga­bat­da da­ba­ra­ly ýag­daý­da açyl­dy. Mer­kez öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy, hä­zir­ki­ za­man şert­ler­dä­ki iki­ta­rap­la­ýyn he­re­ke­tiň iş­jeň ugur­la­ry­ny na­za­ra al­ýan yg­ty­ýar­lyk­la­ry bo­lan BMG-niň ta­ry­hyn­da il­kin­ji sy­ýa­sy mis­si­ýa­sy ha­sap­lan­ýar.