Gruziýanyň Swanetiýa jülgesindäki diňler bu daglyk künjegiň esasy nyşanydyr. Gruzin şahyry Aleksandr Çawçawadze (1786–1846) “Kim Swanetiýada bolmadyk bolsa, ol Gruziýada bolan däldir” diýip, belläp geçýär. VIII-XVIII asyrlarda gurlan bu özboluşly gözegçilik desgalary ýurda gelýän syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Bu gözegçilik desgalarynyň duşmanlardan we tebigy betbagtçylyklardan goranmak maksady bilen gurlanlygy düşündirilýär. Swan diňleriniň ýene-de bir wezipesi bolsa, duşman aralaşan halatynda, habar bermekden ybarat bolupdyr. Howp abanan halatynda, baş diňiň üstünde ot ýakypdyrlar. Haçan-da bu ataşy goňşy diňdäkiler görende olar hem ot ýakypdyrlar. Bu ýagdaý beýleki diňlerde hem gaýtalanyp, az salymyň içinde jülgäniň ähli ýaşaýjylary howp salmak isleýänlere garşy taýýar bolupdyr.
Ähli swan diňleri daşky görnüşi boýunça meňzeş diýen ýalydyr. Olar kwadrat (5х5m), görnüşli daşdan salnan 25 metr töweregi beýiklikdäki desgalar bolup, ýokary gitdigiçe daralýar. Her diň dört ýa-da bäş gat bolup, ýokarky böleginde gözegçilik etmek üçin birnäçe gözenekler bolupdyr. Olary galapyn dag eňňitlerinde gurupdyrlar. Swan diňleriniň aglaba köpüsi Mestia we Uşguli diýen jülgelerde saklanyp galypdyr.
Taýýarlan Nursoltan TAŇYRBERDIÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.